Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeleri özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa obalaryň we şäherleriň binagärlik babatda häzirki zaman görkezijilerine laýyk derejedäki ösüşini şertlendirýär. Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr. Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Şol bir wagtyň özünde bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň saýlap aljak hünärine söýgüsini berkitmekde, nesilleriň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda wajypdyr” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar. 2026-njy ýyl Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýar. Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň wysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris. Eziz Watanymyzyň edermen ogullary! Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy, belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ol merdana ýurt goragçylarymyzyň Watanymyzy goramakda öz eginlerine düşýän belent jogapkärçilige ygrarlydyklaryny görkezýär. Merdana Watan goragçylary! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy. Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn. Watanymyzyň wepaly ogullary! Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän milli Ýaragly Güýçlerimiz taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenen köp sanly gulluk, ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar. Hormatly Watan gerçekleri! Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar — Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz, Sizi hem-de ata Watanymyzyň bagtyýar halkyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda zähmet üstünlikleri bilen garşylanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özeninde halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza goýýan belent sarpasy bardyr. Bu şygar biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Taryha ser salanymyzda, türkmen halky bedewleri özüniň iň ýakyn dosty, hemrasy, syrdaşy hasaplapdyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewine uly hormat goýýar. Halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. Belent mertebeli Prezidentimiz! Geçen ýylyň şanly wakalary hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka bolupdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, milli oýunlary bilen halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanýarlar. Siziň tagallalaryňyz bilen türkmen bedewlerine aýratyn üns berlip, atçylyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri hem täze ösüşe eýe bolýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri bedew badyna deňelýär. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň, beýik başlangyçlarynyň nyşany bolup dabaralanýar. Bularyň ählisi, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň berkarar döwletimizde uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Bedew bady bilen gülläp ösýän berkarar Watanymyza gelip gowşan hoş habar — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Sizi hem-de mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykmagyny arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda oba hojalyk toplumynyň strategik ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bugdaýa ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belledi we bol hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çärelerde toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerine aýawly we rejeli çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Lebap welaýaty, 24-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatyna laýyk gelýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Harby gullukçylar iň täze tehnikalara erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. …Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Lebap welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline gondy we hormatly Prezidentimiz bu ýerden dikuçarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Edebi-sazly kompozisiýada türkmen serkerdeleriniň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýoly, Watanymyzyň asudalygyny berkarar etmegiň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugy öz beýanyny tapdy. Harby gullukçylardan düzülen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymynda ýurdumyzyň ösüşleri wasp edildi. Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi. “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurdumyzda harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýändiginiň beýanydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimize dolandyryş binasynda ornaşdyrylan ýörite enjamlardyr serişdeler, döwrebap howpsuzlandyryş toplumlary, olaryň aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar, programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Harby gullukçylar döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýatakhanada harby gullukçylaryň dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Şeýle-de onda harby gullukçylara degişli durmuş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamak üçin döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Şunuň bilen bir hatarda, beýleki goşlary saklamaga niýetlenen aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş bilen bagly degişli zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip, olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. “Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylara boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge, bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde sport otagyna hem baryp gördi. Otagda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi harby gullukçylary talabalaýyk we ýokumly iýmitlendirmekde amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde azyk önümlerini kada laýyk saklamak üçin ýörite otaglaryň, hususan-da, ammarlaryň, sowadyjylaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirýär. Çagyryş boýunça harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady. Sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň hem sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda toplumda döredilen futbol, woleýbol, basketbol we ylgaw meýdançalary harby gullukçylaryň saglygyny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş

Read More

Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip

Arkadag şäheri, 24-nji ýanwar (TDH). Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy we saglygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda gysga wagtyň içinde ynsanperwer ýörelgeleri amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine üns berildi. Nygtalyşy ýaly, gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, durmuş goldawyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi giň halkara ykrarnama mynasypdyr. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Pikir alyşmalaryň çäklerinde Ähtnamanyň bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine ünsi çekdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bu ugurda döwlet kepilliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna tagallalaryň birleşdirilmeginiň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmek işinde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýlelikde, bu duşuşyk adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan Türkmenistanyň çagalaryň saglygynyň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine ynsanperwer taglymlara, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Read More

2026-NJY ÝYLYŇ «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

         8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.           Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýewdagylar çykyş etdiler.           Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mähriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünliklere besläp uly zähmet ýeňişlerine besläp, täze 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylyna ýagşy arzuw umytlar bilen gadam basandygyny, şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine giň gerim bilen badalga berilendigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyly döwrebap at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigini, bu asylly başlangyjyň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini, bu başlangyjyň mähriban raýatlarymyzyň, aýratyn hem bagtyýar ýaşalaryň Watançylyk ruhyny has-da beýgeldip, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny, her bir ýylyň döwrebap atlar bilen atlandyrylmagy özygtyýarly Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejesinde giňden wagyz etmäge we şöhlelendirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.» diýmek bilen şanly ýylymyza öz boluşly başlangyç bermeginiň, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bedew atlary bilen berk baglanşyklydygyny ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi diýip uly buýsanç bilen bellediler.           Gadymy türkmen halylarymyz, nepis türkmen şaý-seplerimiz, alabaý itlerimiz ýaly Ahalteke bedewi hem merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, maddy medeni mirasyň kämilleşdirilen ajaýyp nusgasy bolmak bilen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muny diňe bir türkmen halky däl eýsem-de, bütindünýä ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatynyň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn uly ünsüň berilmegi, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylmagy, bu ugurda işlejek ussat ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak boýunça tagallalaryň edilmegi behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny we arassa ganlylygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen ýyndamlygy, owadanlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýan türkmen bedewleriniň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bolsa daşary döwletlerdäki atçylyk assosiasiýalary, ylmy-barlag institutlary we beýeki abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly işjeňleşdirilýär. Ştab kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy, sebitiň iň häzirki zaman «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy atçylygy halkara derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda giň gerimli işlere badalga berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde atçylyk pudagynda öňdebaryjy atçylyk merkezleri bilen bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, tohumçylyk pudagynda tejribeler alşylyp, türkmen bedewiniň genofondyny gorap saklamak boýunça işler alnyp baryldy we bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda has-da rowaçlanar.           Ahalteke bedewlerimiziň ýer ýüzündäki at-abaraýyny belende göterilmeginde, milli atşynaslyk däplerimiziň gaýatadan dikeldilmeginde, türkmen ýaşlarynyň durmuş uniwersitetine öwrülen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýratyn hyzmatlary amala aşyrdy. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi, bu toparyň dürli ýyllarda birnäçe halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy has-da guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. Atçylyk pudagynda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň döredilendigini hem bellemek gerek.           Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. MAKSAT GURBANGULYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeri

Read More

2026-NJY ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝIP YGLAN EDILDI

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.          Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.          Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.          Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.          Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.          Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:          2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli. Türkmenistanyň Mejlisiniň BaşlygyD.GULMANOWA. Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.

Read More

TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünliklere beslenmegi hem-de täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» tele ýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowadagylar gatnaşdy.         Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, amala aşyrylan dünýä nusgalyk işleri, ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleri we olaryň ähmiýetini şöhlelendirýän buýsançly gürrüňler, şeýle hem bosagada duran täze 2026-njy ýyl baradaky ýagşy awzuwlar beýan edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More