12 Okt, 2025
Posted inMAKALALAR

BARHA ROWAÇLANÝAR MILLI SENAGAT!

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolan beýik başlangyçlary, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek boýunça kabul edilen uzak gelejegi nazarlaýan maksatnamalar, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşlygynda döwrüň ruhuna laýyk derejede kämilleşdirmek arkaly üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary, gazanylýan ägirt uly üstünlikler, dürli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda täze taryhy eýýamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi we bu maksatnamada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini geljek 30 ýylyň dowamynda ösdürmek boýunça ileri tutulýan anyk çäreleriň bellenilmegi hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň senagat toplumy özygtyýarly Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda öndürilýän önümler özüniň ýokary hilliligi hem-de ekologik taýdan arassalygy bilen has-da tapawutlanýar. Bu bolsa, önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär.          Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän toýly günlerinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylmagy, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläkde ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, innowasion döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu döwrebap önümhana, ýerli çig malyň hasabyna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, importyň ornuny tutýan dürli görnüşli çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze gurlup ulanylmaga berilen bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berer. Önümhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlap, ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Ergin aýna fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. «IS» enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär.          Önümhanada döwrebap barlaghananyň işiniň ýola goýulmagy we bu barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglaryny talabalaýyk geçirmäge mümkinçilik döredýär. Hususanda barlaghanada ornaşdyrylan «BTLT-2» enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygynyň barlagy, «Vici vishion» enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçeginiň barlagy, «Labniks» enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, «AGR» enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär.          Açylyş dabarasynda önümhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň, çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň gowşurulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylgynda gurulýan önümçilik desgalarynyň, zawotlaryň we kärhanalaryň öňdebaryjy ulgamlary, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özünde jemlemegi şeýle desgalara bildirilýän ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.          Täze önümhana möhüm durmuş ähmiýetli kärhana bolmak bilen, onuň bina edilmegi ilatymyzy, ylaýtada türkmen ýaşlaryny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilikleri döretdi. Ähli önümçilik prosesleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy bolsa, önümhanada zähmet çekýän ýokary hünär derejeli inženerleriň, tehnologlardyr işgärleriň öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanmaklaryna itergi berýär.          Önümhanada ýokary energiýa netijeliligini gazanmak maksady bilen, gazy we elektrik energiýasyny tygşytlaýjy innowasion çözgütler giňden ornaşdyryldy. Bu bolsa, önümçilik çykdajylaryny peseltmäge, netijede bolsa, önümhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.          Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi senagatlaşdyrmakda dünýä nusgalyk işleri amal edýän, türkmen senagatçylaryna döwrebap şertlerde zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. ABDYLLA DÖWLETOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory

14 Mar, 2025
Posted inMAKALALAR

«BÄHERDEN» KERAMIKI ÖNÜMLER KÄRHANASY – MILLI SENAGATYŇ TÄZE ÖNÜMÇILIK KUWWATY

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uzak gelejegi nazarlaýan, ylma-bilime daýanýan, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmak bilen sebitiň we dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän kuwwatly ýurduna öwrüldi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Özüniň saýlap alan parahatsöýjülikli, hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly, ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biride senagat we gurluşyk önümçiligi pudagydyr. Pudaga ägirt uly maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, iň kämil döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze kuwwatly zawotlaryň we döwrebap kärhanalaryň gurulmagy, bar bolanlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagynyň hasabyna önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, sanly ulgam bilen doly üpjün edilmegi, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyz agrar ýurtdan kuwwatly ösen senagat ýurduna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan innowasion taýdan köptaraplaýyn esasda senagat özgertmeleri täze taryhy eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron senagaty pudagyny ösdürmek, ýerli çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna täze senagat we gurluşyk önümlerini öndürmek, ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Pudak üçin giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiki enjamlaryndan oňat baş çykarýan, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem döwletimizde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.          Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň biri hökmünde, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň kuwwatynyň artmagynyň täze tapgyry bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurulan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda açylan kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen dünýäniň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu döwrebap kärhanasy «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan gurulup ulanylmaga berildi.          Türkmen senagatçylarynyň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilen döwrebap kärhanasynda 460-a golaý täze iş orunlary döredildi. «Senagat 4.0» çemeleşmesi esasynda gurulan döwrebap kärhana Italiýa Respublikasynyň «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasynyň, şeýle hem Italiýa Respublikasynyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasyna mynasyp bolmagy bolsa, hormatly Prezidentimizň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, inženerçilik  we halkara derejeli standartlara laýyk derejede, ekologik taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz önümçilikleriň işiniň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.          Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm oruna degişli bolan senagat we gurluşyk toplumyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde, ýurdumyzy gurşap alan giň gerimli gurluşyklary ýokary hilli gurluşyk serşdeleri bilen üpjün etmekde, impordyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmekde hem-de täze önümçilikleri döretmekde türkmen senagatçylaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. ABDYLLA DÖWLETOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri»döwlet kärhanasynyň direktory

20 Sen, 2024
Posted inMAKALALAR

MILLI KANUNÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Binýady berkden tutulan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde «Döwlet–adam üçindir!» şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli durmuş özgertmeleri bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň, erkana zähmet çekmekleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Kanunyň ileri tutulmagy türkmen jemgyýetiniň baş ýörelgesidir» diýip bellemek bilen häzirki wagtda döwletimiziň ösen zähmet bazaryna geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetiň dünýä ulgamyna goşulmagynda zähmet kanunçylygynyň düýpli kämilleşdirilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemäge, zähmetiň amatly şertlerini döretmäge, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybarat bolan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zähmet gatnaşyklaryny döwrebap guramagyň ähli ugurlary düzgünleşdirilýär. Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň zähmete bolan hukugy, olaryň saýlap alan käri boýunça zähmet çekmekleri, özleriniň zähmet endiklerini kämilleşdirmekleri Baş kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan doly kepillendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde raýatlara işlemäge döretmäge ähli şertler döredilýär we bu ugurdaky işler döwrümiziň talabyna laýyk derejede has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasynda (Zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmeleri) raýatlaryň zähmete bolan hukugy, edýän işi we iş ýerini saýlamaga bolan hukugy, her bir raýatyň öndürjilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuklary doly beýan edilýär we kepillendirilýär. Şeýle hem bu kanunda işgäriň bellenen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge, ýatyrmaga, şertnamada şertlendirilen işiň özüne berilmegini talap etmäge, zähmeti guramagyň, tehniki howpsuzlygyň döwlet ülňülerinde göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň, arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna bolan hukuklary göz öňünde tutulýar.      Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmelerini mynasyp ýörelgeler esasynda üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem mynasyp işler alnyp barylýar. Täze kabul edilýän we täzeden işlenilip taýýarlanylýan kanunçylyk namalary, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze kabul edilýän kanunlar işlenilip taýýarlanylanda bu ugurda ösen döwletleriň tejribeleriniň düýpli öwrenilmegi, şol tejribeleriň milli tejribelerimiz bilen utgaşykly esasda özleşdirilmegi we kanunlarymyzda beýan edilmegi döwletimiziň milli hukuk ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da berkidýär. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn» diýip belleýän sözleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň subutnamasydyr. Mizemez berk binýatly Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraý derejesini pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňIşgärler bölüminiň başlygy

04 Sen, 2024
Posted inMAKALALAR

ARKADAG ŞÄHERI – BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI!

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurmagyň we döretmegiň, dostlugyň-doganlygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Gurýan döwlet - guruply döwletdir!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, taýsyz yhlasyndan, ýürek owazyndan kemal tapan sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgeleri we «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy esasynda, gojoman Köpetdagyň iň bir gözel ajaýyp tebigy taýdan arassa künjeginde bina edilen Arkadag şäheri ýaşlygyň we juwanlygyň, baky bagtyýarlygyň şäheri hökmünde tutuş halkymyzyň guwanjyna hem-de buýsanjyna öwrüldi. Milli binagärligimiziň häzirki zaman öwüşgünleri, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäherine birnäçe dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan güwänamalaryň we sylaglaryň berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde bolsa, dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherlerini, şeýle hem kompaniýalaryny özünde jemleýän Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri üç sany baýrak bilen sylaglanmagy bolsa bu şäheriň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrdy. Akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäherine «akylly şäher» ulgamyndaky belent üstünlikler üçin (Smart City Excellence Award) sylagy, «Daşary ýurt «akylly şäheri» (Foreign city award) we ««World Smart City Expo 2024» Bütindünýä «akylly şäherleriň» sergisine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlardaky baýraklar gowşuryldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn nygtamak has-da buýsandyryjydyr. «2024 World Smart City Expo 2024» Bütindünýä sergisine Koreýa Respublikasynyň sebitlerinden başga-da Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň, Ysraýyl döwletiniň we şol sanda ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy bu serginiň geriminiň has-da ulydygyny görkezýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygyndan binýat bolan Arkadag şäherine şeýle halkara derejeli baýraklaryň berilmegi diňe bir Arkadag şäherine berilen mynasyp baha bolman, eýsem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygyna halkara derejesinde berilen ýokary baha hökmünde garamak bolar. Döwrümiziň beýik syýasatçysynyň, bütin dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň adynyň bu ajaýyp şähere halkymyzyň arzuw-islegleriniň gözöňünde tutulup dakylmagy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň külli türkmen halkynyň öňünde bitren aýratyn hyzmatlaryna beren ýokary bahasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde bu şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyryna badalga berilmegi bu şäheriň ösüş ýolunda täze tapgyry açdy. Binýady berkden tutulan Arkadag şäherinde halkara çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu şäheriň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň subut edýär. Beýik ösüşlerimiziň, ýeten belent derejelerimiziň, asuda we abadan Watanymyzyň, döwletliligimiziň çeper binagärlik keşbi bolan Arkadag şäheri baky bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nusgasy bolup täze taryhy eýýamymyzyň ýalkymy bolup asyrlara ýaň salar. Döwrebap şäherleri, nusgalyk obalary gurup halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. MUHAMMET BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň başlygy

01 Sen, 2024
Posted inMAKALALAR

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY KÖÇE ÝOL HEREKETINIŇ BIRAÝLYGY ADAM HAKYNDAKY ALADANYŇ ÇUŇŇUR BEÝANY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan mähriban Diýarymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan islendik işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçündir!» diýen asylly pähiminden ugur alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeler, ýokary ösüşler, beýik işler eziz Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini aýdyň ýüze çykarýar. Her bir güni ýokary ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda pyýadalar we sürüjiler üçin ähli amatlyklary döredilen köp zolakly ýagty we giň awtomobil köçeleri, halkalaýyn ýollar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, ýerüstü we ýerasty pyýada geçelgeleri, döwrebap köprüler gurulýar. Munuň özi ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramaga, şeýle-de ýol hereketiniň howpsyzlygynyň üpjün edilmegine gönükdürlendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçlyklara beslenýän ulag diplomatýasynyň miwesi bolan ak ýollaryň gurulyp ulanylmaga berilmegi, olarda hereket edýän ulaglaryň sanynyň barha artmagy ýol hereketiniň howpsyzlygyny üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işleri mundan beýläkde has-da kämileşdirmek bilen birlikde sürüjilerdir pyýadalaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümüzüň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň biraýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary guramaçylyk derejesinde badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Bu biraýlyk bilen baglanşykly geçirilýän çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrünüň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hut şu nukdaýnazardan, köçe ýol hereketine bagyşlanan biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşuklaryny geçirýärler. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşuklarynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howupsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny belleýän beýleki hukuk namalary hakynda hem-de olaryň ähmiýeti barada düşündiriş işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmek boýunça, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdürlen kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we bu ugurda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar Ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalary bilen bagly şikesleriň öňüni almaga mümkünçilik berýär. Howpsyz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjylar bolan pyýadalaryň, ýolagçylaryň we sürüjüleriň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmandyr. Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge diňe bir sürüjüler borçly bolman, eýsem pyýadalar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howupsyzlygy biziň her birimize baglydyr. Merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. SYLAPBERDI BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňZähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy

24 Awg, 2024
Posted inMAKALALAR

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy-syýahatçylygyň Merjeni

Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň täsin tebigy künjekleri, taryhy ýadygärlikleri, özboluşly haýwanat dünýäsi bilen irki döwürlerden bäri jahankeşdeleri, alymlary özüne çekip gelýär. Ýurdumyzyň   tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň baý milli   däp-dessurlary we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýäniň syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň mart aýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda bu ugury ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan-Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherini, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherini, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurulan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Köpetdagyň ajaýyp künjeklerini, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini, Amyderýanyň kenar ýakalaryny, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerlerini, Bathyz, Repetek,            Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalarynyň ajýyplyklaryny görmäge, şeýle hem Arçman, Baýramaly, Farap, Berzeňňi, Bagabat, Mollagara we beýleki şypahanlarynda dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň gelmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ulydygyny hem-de syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hazaryň kenary ýylyň dört paslynda-da özüniň gözelligi, ajaýyplygy bilen haýran edýär. Hut şu nukdaýnazardan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. 2009-njy ýylda işe başlan bu syýahatçylyk zolagynda häzirki wagtda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň on müňden gowragyny kabul edip bilýän dürli derejeli myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, 1 380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezi, kottejler toplumlary, dynç alýanlar we syýahatçylar üçin niýetlenen seýilgähler, umumy meýdany 30 gektar bolan düzüminde suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alýanlaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrýan «Awaza» akwaparky, uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän gidrotehniki desgasy bolan «Awaza» derýasy, «Awaza» sport toplumy, ýahta klublary we beýleki desgalar gurulup ulanylmaga berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda dürli görnüşli halkara derejesindäki syýasy-medeni, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ajaýyp kenarda möhüm seneleriň biri bolan-Hazar deňziniň güniniň her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi bu syýahatçylyk zolagynyň dürli görnüşli möhüm ähmiýetli syýasy-medeni, sport çäreleriň geçirilýän iri merkezine öwrülýändiginiň şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bolsa munyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ekologiýa abadançylygynyň mekanyna öwürmäge gönükdirmek boýunça başlangyçlary, Hazarýaka döwletleriniň giň goldawyna we seslenmesine eýe bolmak bilen, bagtyýar halkymyzy buýsandyrýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin hormatly Prezidenimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde barha kämilleşdirilýär. Suwunyň düzüminde 90-a golaý minerallary özünde jemleýän Hazar deňziniň kenarynda döredilen bu zolakda diňe bir tomusky dynç alyş möwsüminde däl-de eýsem, ýylyň ähli möwsümlerinde öz wagtlaryny gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň has-da köpelmegi, durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijeleri berýändiginiň we bu syýahatçylyk zolagynda ýylyň ähli paslynda dynç almaga we saglygyňy berkitmäge mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyza döwrebap derejelerde medeniýetli dynç almaga we saglygyny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän tükmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. RÜSTEM BABAÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi minstrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyňönümçilik boýunça orunbasary

17 Apr, 2024
Posted inMAKALALAR

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň nobatdaky böleginiň açylmagy – ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagynyň esasy şertleriniň biridir

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan özüniň saýlap alan parahatçylygy söýüjilikli ýoly bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bütin dünýä dostlyk goluny uzadýar. Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri sebitiň we dünýäniň örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, bu günki gün üçünji müňýyllykda bu möhüm ugury dikletmekde hem birnäçe milli we halkara derejeli işleriň başyny başlady. Çünki, bu ägirt uly umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlaýjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman |Arkdagymyz ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görmek bilen, şeýle asylly başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutanýerli tagallalary we ýiti zehini netijesinde halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä eýe bolmak bilen giň goldaw tapýar. Şeýle başlangyçlaryň bolsa, bütin dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-na agza döwletleriň goldamagy bilen bu guramanyň ýörite Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça strategik taýdan ähmiýetli çäreleri amala aşyrmaklygy göz öňünde tutýan milli maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi hem-de bu maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekde, ulag ugrunda halkara guramalary, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary bilen has-da ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmakda, ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde; ulag-logistika ulgamynda badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekde, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we bu geçelgeleriň netijeli ulanylmagyny gazanmak, uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyny gazanmak, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän iň iri taslamalarynyň biri hem umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşydyr. Bu taslama 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi esasynda gurluşyk işlerine badalga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Aşgabat-Tejen, Tejen-Mary, Mary-Türkmenabat ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Awtobanyň birinji böleginiň degişli halkara hil standartyna laýyk gelmegi bu ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny doly subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Özünde birnäçe döwrebap desgalary jemleýän, alty sany hereket zolagyndan ybarat bolan, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleri döredilen, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edilen, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler ornaşdyrylan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň Tejen-Mary böleginiň bu taryhy ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi Bitarap ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Bu döwrebap ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ägirt uly möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistik merkeze öwrülýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasy tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegine «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasynyň, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasy tarapyndan «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamanyň, Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalarynyň gowşurulmagy hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde tapgyrlaýyn esasda gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynda, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli, tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyny, şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny, geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagy+nyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden-ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we «Tiz kömek» merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlary oturdyldy. Täze döwrebap desgalary gurdurup, Berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegini, ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara üstünliklere beslensin. ABDYLLA DÖWLETOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňdirektory

19 Mar, 2024
Posted inMAKALALAR

NOWRUZ GELDI ILIME!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara beslenip türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji martynda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçirilýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumy adamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Ýadymyzda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň teklibi bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite Kararnama kabul edildi. Şol günden bäri köp asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy. halkara derejesinde giňden bellenilýär. Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän, medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizililmegi bolsa bu baýramyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmen halkynda Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan hem däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Şolaryň arasynda bolsa, Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen tagam atýýarlamak däplerimiziň biri hem semeni taýýarlamakdyr. Semenini däp-dessurlarymyza laýyklykda il arasynda uly abraýa we hormata eýe bolan zenanlar tarapyndan taýýarlanylýar. Taýýar bolan semeni goňşy golamalara, myhmanlara paýlanylýar. Nowruzda üýşüp semeni taýýarlamagyň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady bolsa - Täze ýylyň bol hasylly, rysgal bereketli, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini arzuwlamak bolup durýar. Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde saklap gelýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bolsa bu baýramçylyk ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar. Nowruzyň gelmegi bilen baglanşykly döredilen sanawaçlar, läleler, monjukatdylar, hüwdiler, öleňler, gazallar, nakyllar bolsa milli halk döredijiligimiziň genji-hazynasydyr. Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Gadymy oguzlarda hem bu baýramçylygy Günüň gudratyna bagyşlap geçiripdirler. Oguzlaryň düşünjesinde Güne ýaşaýşyň esasyny döredýän keramat hökmünde garapdyrlar. Günüň ýiti şöhlesi ähli ösümlik dünýäsiniň, janly-jandaryň ýaşamagynyň çeşmesi diýip düşünipdirler. Olar bu baýramçylygy akar suwuň, ýagny uly derýanyň boýunda geçiripdirler. Nowruz baýramynda türkmen milli oýunlaryndan: Ýüzük tapdy (keçe-keçe, çeke-çeke) oýny, Deňňene, Geşdek (keşdek, heşdek), Ýaglyga towusmak, At çapyşygy, Altyn gabak oýny, Çowgan, Göreş, Aşyk oýny, Aýterek – günterek, Öweleme-düweleme, Guşak goýdy, Çilik-hekgal, Çiş oýny, Ak süňk, Çap atym ýaly oýunlar oýnalýar. Nowruz bilen bagly il arasynda dürli ynançlar hem bar olordan: Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş ýa-da bolmasa Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş, Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pederlerimiziň iň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhubelent türkmen halkynyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz baýramy türkmen döwletiniň şöhratly täze senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwşe eýe boldy» diýip buýsançly belläp geçýär. Hakykatdan hem bu nurana baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryma Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň agzybirligiň jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary, beýik işleri hemişe rowaç bolsun. BÄGÜL GULOWA«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňBuhgalteriýa hasaba alyş we hasabatbölüminiň baş hünärmeni

13 Mar, 2024
Posted inMAKALALAR

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry – ýurdumyzyň täze senagat kuwwaty

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üpjün edilýär, ýurdumyzyň halkara abraý derejesi has-da pugtalanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ylyma-bilime daýanýan, uzak gelejegi nazarlaýan kämil işlenip taýýarlanylan döwlet we milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we hemaýat goldawlary netijesinde sazlaşykly, maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde anyk wezipeleriň hem-de maksatlaryň goýulmagy ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň gelejekde ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitledi. Pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna impordyň ornuny tutýan eksport ugurly bäsdeşlige ukyply, senagat we gurluşyk harytlaryny öz ýurdumyzda öndürmek, täze ýokary kuwwatly döwrebap senagat we gurluşyk harytlaryny öndürmäge niýetlenen zawotlary, kärhanalary gurmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, öňden hereket edýänleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda döwrümiziň ruhuna laýyk derejede işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde iň häzirki zaman ösen döwletleriň ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iri zawotlar we kärhanalar gurulup ulanylmaga berildi we birnäçesiniň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Uly üstünliklere beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Döwrebap «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgynyň gurulmagy güneşli Diýarymyzda sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda açylan «Lebap» sement zawody bu ugurda nusgalyk görkezijidir. Bu önümçilik kärhana sebitde täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli maksatly gurluşyklary ýokary berklige eýe bolan sement bilen üpjün etmäge gönüden-göni öz täsirini ýetirdi. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldan, iri senagat kärhanasy häzirki zaman sement önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. Zawodyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm ähmiýetli şertleriň bir hökmünde çykyş edýär. Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejesinden hem ep-esli az bolmagy, zawodyň howa goýberýän tozanlaryny toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ullanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Önümçilik işiniň talaba laýyk alnyp barylmagyna, taýýar önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin barlaghana we gözegçilik bölüminiň, abatlaýyş ussahanasynyň bolmagy işleriň has-da ilermegine, öndürilýän önümiň hiliniň ýokary bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimzi senagat taýdan gülläp ösýän döwletleriň birine öwren we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmaga, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary kuwwatly önümçilik kärhanalary we zawotlary gurup ulanmaga berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. AMANGELDI DURDYÝEW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňbaş inženeri