Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ata Watany Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk taryhy-medeni gatnaşyklarynyň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady. Erman Ylyjak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly üstünliklere beslenýändigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda işewürlik ugry boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, onuň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýandygy bellenildi. Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň uzak möhletleýin strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagaty ösdürmäge we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Gepleşikleriň barşynda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz, himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Erman Ylyjak Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýede duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini aýdyp, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny tassyklady hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de işewür hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Erman Ylyjak türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Source

Read More
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki saparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Işewür Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini aýdyp, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny nygtady. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Işewür pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýä amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi we döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanandygyna ünsi çekip, bu giň möçberli strategiýany durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ata Watany Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň iş alyp barmaklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür ýurdumyzdaky iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň türk kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Izmir şäherinde ýerleşýän zawodda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Source

Read More
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ankarada saparda bolan türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda dokma toplumlary, energetika, gazhimiýa pudaklary boýunça iri taslamalar, senagat kärhanalary, dürli maksatly binalar, ýüzlerçe beýleki desgalar bar. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler. Duşuşykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki agşamlyk nahary boldy. Munuň özi köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan mizemez türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi. Source

Read More
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline bardy. Bu ýerde Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy. Diplomat Gahryman Arkadagymyzyň türk-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň taryhynyň, diliniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýandygyny aýdyp, onuň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini aýdyp, şu gezek keramatly ýerde — Türkiýede guralýan bu dünýä ähmiýetli çäräniň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynyň boljakdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Energetika, ulag, senagat, şähergurluşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyrýan iş saparynyň buýsançly wakadygyny aýdyp, bu saparyň türk-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady. Şeýle-de ol Türkiýede Milli Liderimiziň taglymatlarynyň we başlangyçlarynyň hemişe goldanylýandygyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu ýerde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna, taryhyň, medeniýetiň, diliň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Ýokary derejedäki ynanyşykly we yzygiderli dialog netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda durnukly ösüş, “ýaşyl” özgertmeler ýörelgelerine umumy ygrarlylyk türkmen-türk dialogynyň aýratyn ugry bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz häzirki döwrüň ekologik meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin halkara giňişlikde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty dünýäniň ekologiýa arhitekturasyny kesgitleýän möhüm ählumumy mehanizm bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde bu forum döwlet Baştutanlaryny, bilermenleri, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýär. Geçirilýän her bir täze maslahat parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli strategiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmaga ýardam bermäge hem-de ösüp barýan ýurtlara maliýe we tehnologik kömegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä derejesindäki ekologik wehimleriň ýygy-ýygydan ýüze çykýan şertlerinde bu forumlaryň ähmiýeti barha artýar. Bu gün bu maslahatlar diňe bir tebigaty goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolman, eýsem, täze ählumumy ykdysadyýeti kemala getirmegiň strategik merkezine-de öwrüldi. Onuň meýdançalarynda kabul edilýän çözgütler tutuş dünýäniň energetika, azyk howpsuzlygyna hem-de ekoulgamlaryň durnuklylygyna öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa her bir gatnaşyjy döwletden syýasy erki, netijeli dialogy, tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezmek bilen, “COP” maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Bu abraýly ählumumy meýdançalarda ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça anyk milli çäreler bilen berkidilen garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär. Türkmen tarapy Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ekologik meselelerine aýratyn ünsi çekýär. Çünki bu meseleler serhetüsti utgaşdyrylan tagallalary talap edýär. Energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça teklipler Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän esasy başlangyçlarynyň hataryndadyr. Ýurdumyz BMG-niň ekologiýa boýunça esasy konwensiýalaryna goşulyp, Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek üçin milli derejede çäreleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa gün tertibi boýunça Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli, uzak möhletli we strategik häsiýete eýedir. Diýarymyzda BMG-niň düzüm birlikleriniň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, Garagum sährasynyň biodürlüligini, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak babatda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, ýurdumyza bu işde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki köpugurly işjeňligi döwletimiziň bitarap daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýada 30-dan gowrak Kararnama, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek, Bütindünýä durnukly ulag gününi döretmek, 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamalar, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. Bu döredijilikli syýasaty ilerletmäge türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn goşant goşýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň strategik garaýyşlary we şahsy başlangyçlary netijesinde ekologik abadançylygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän “COP31” maslahatyna gatnaşmagy hem Türkmenistanyň açyk dialog, parahatçylyk we ekologik jogapkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr. …Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi. Bu ýerde Milli Liderimizi Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy esgerlere “Merhaba, asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Source

Read More

Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi. Bu ugur halkara bileleşik bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagy, gögeriş alnan meýdanlarda talabalaýyk ideg etmegi, azyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň hem-de welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini hem-de nebitgaz we himiýa ulgamlarynda, şol sanda Gyýanlydaky polimer zawodyny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini, halkara giňişlikde iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelýändigini nygtadylar. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýan parlament diplomatiýasyna we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi, şol sanda onuň döwlet edaralarynyň, hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş edýändigi bellenildi. 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň durnukly ösüşine, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň, şol sanda iş saparlarynyň hem-de «C5+1» formatyndaky köptaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle-de iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär. Gahryman Arkadagymyz energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyna ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady. Energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň we Garaşsyzlyk etrabynda iki sany senagat kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi bolar. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle-de bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar. Ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler. Döwlet Baştutanymyz ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýdy. Müňden gowrak täze iş ornuny döretjek kärhana «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sargyt etmegi boýunça «GAP Inşaat» kompaniýasy tarapyndan Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, innowasion we ekologik taýdan arassa çözgütler esasynda Garaşsyzlyk etrabynda gurlar. Toplumyň kuwwaty ýurdumyzyň daýhanlarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de dökünleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 5-6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astanada geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan

Read More
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ynsanperwer ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýaşlary watansöýüjilik esasynda terbiýelemek, olaryň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly bolmaklary bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. …Merkezde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. “Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär” diýip, çykyş edenler nygtadylar hem-de munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Şunlukda, bagtyýar nesilleriň şatlykly pursatlarynyň joşguny belende göterildi. Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Belent ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň hözirini görýän nesilleriň ýürek joşguny bolup ýaňlandy. Häzirki döwürde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlaryň nurana geljeginiň berkarar edilýändigini görkezýär. Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşan çagalar yzygiderli tagallalary bilen Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde derejesini pugtalandyrýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iberilen süýjülikleri dadyp hem-de ýörite sowgatlary kabul edip, özleri barada edilýän aladalara hoşallyklaryny joşgunly aýdym-sazlaryň, tanslaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Source

Read More
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady. Öz gözbaşyny gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, sahna sungatynyň döwrebap usullaryny özleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün diňe bir ykdysady däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistan sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülip, öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, iri halkara medeni forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy aýratyn guwandyryjy wakadyr. Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi hem halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny, medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly hem halklary has-da ýakynlaşdyrýar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berýär. Festiwalyň jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde myhmanlar türkmen topragynyň berekedi, zähmetkeş daýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri, milli medeni mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Günüň ikinji ýarymynda festiwalyň maksatnamasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» atly sahna oýny görkezildi. Ermeni edebiýatynyň nusgawy wekili Awetik Isahakýanyň meşhur poemasynyň esasynda taýýarlanan bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Onda X-XI asyrlarda ýaşap geçen meşhur arap akyldary we şahyry Abu Lala Maariniň keşbi, ynsanperwer garaýyşlary, ruhy gözlegleri, döredijilik dünýäsi öz beýanyny tapýar. Soňra «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, sahna oýunlarynyň hilini ýokarlandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna gatnaşyjylar häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn orun berilýär. Çärä gatnaşyjylar medeni gatnaşyklary berkitmekde teatr sungatynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky beren goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu halkara çäräniň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, sungat arkaly ruhy ýakynlygy üpjün etmekdäki ornuny aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk medeniýetleriň baýlaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Dabaranyň iň möhüm pursatlarynyň biri hem halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesiniň kabul edilmegi boldy. Ýüzlenmede «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň halklaryň arasynda dost-doganlygyň barha dabaralanýandygyny, medeni dialogyň ilerledilýändigini aýdyň görkezýän çäredigi bellenilýär. Ýapylyş dabarasynyň dowamynda festiwala gatnaşan teatrlaryň wekillerine ýadygärlik sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen teatr baýramçylygy medeni gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurtlaryň arasyndaky medeniýetara dialogyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Source

Read More
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň  3 million 520 müň  dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 102 million 384 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni) pagta süýümini we nah ýüplügi satyn aldylar. Source

Read More