«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» bagyşlanan ýubileý sylaglarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi

20-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde döwlet sylaglarynyň gowşurylyş çäreleri ýokary derejede guraldy. Bu dabaralar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni, ylym we döwlet dolandyryş ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň bitaraplyk ýörelgelerine goşan goşandyny ykrar etmek maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň binasynda hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaralarda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Sylag alanlaryň hatarynda döwlet işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet we ylym işgärleri, şeýle-de durmuş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bar. Olaryň bitaraplyk ýörelgelerini berkitmekde, parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigi we onuň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Bu syýasat halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçirilen dabaralar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde guralan çäreleriň möhüm bölegi boldy.

Read More

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

        15-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.          Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki hwopsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarowdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň öňe barýandygyny we gülläp-ösýändigini, täze belent sepgitlere ýetilýändigini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýändigi barada buýsanç bilen bellenilip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän toýly günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň has-da begendiriji taryhy wakalaryň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Bu ajaýyp kitap ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dost-doganlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3 gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýändigi barada çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler.              Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň geçen taryhy 30 ýylynyň dowamynda amala aşyrylan we ýetilen belent sepgitlerini anyk delilleriň hem-de maglumatlaryň üsti bilen giňden beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bu ugurda amala aşyrylýan işleri halkara derejesinde bütin dünýä şöhlelendirmekde ajaýyp gollanmadyr. Bu kitap 11 bölümden ybarat bolup, kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilmegi halkara jemgyýetçiligini, şeýle hem ýurdumyz bilen gyzyklanýan ähli adamlary Bitaraplyk ýyllary içinde gazanan we gazanýan üstünliklerimiz bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kitapda dürli fotosutalaryň ýerleşdirilmegi kitabyň çeperçilik taýdan has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.          Hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine we bu gazna tarapyndan amala aşyrylýan beýik işler, ýurdumyzda merdana ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň täze taryhy eýýamda barha rowaçlanýandygyny şöhlelendirmek bilen, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bölümde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine halkara derejesinde ýokary baha berilýändigi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigi, gaznanyň döredilmeginiň bolsa, Türkmenistanda çuňňur logiki we oýlanşykly ädim bolandygy hem-de Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmasyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly gürrüňler edilýär. Şeýle hem täze kitapda ýurdumyzyň ÝUNISEF, ÝUNESKO bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy, kabul edilen milli maksatnamalar we strategiýalar, ylym-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, medeni we resmi mirasy goramak ýaly taslamalara işjeň gatnaşmak hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň türkmen nusgasynyň esasy aýratynlyklary giňden beýan edilýär.              Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan energetika ulgamynyň ösüşi we bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar, olaryň ähmiýeti, ekologiýa ugry, sebit we sebitara gatnaşyklar, nebitgaz pudagy, himiýa senagaty, awtomobil ýollary, ýolagçy we ýük daşamak boýunça amala aşyrylýan işler, gurluşyk we senagat toplumy hem bu kitapda giňden beýan edilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we ykdysady strategiýasy» atly bölüminde şeýle diýýär: «Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär.». Hakykatdan hem, ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmeleri täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Täze kitapda hormatly Prezidentimiziň şu ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynyň ulanylmaga berilendigini, bu desgalaryň işe girizilmeginiň täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigi barada aýdylýar.              Bu ajaýyp kitapda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda neşir edilen bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp kitaplaryndan mysallary, milli buýsanjymyz bolan türkmen halysy, ahalteke bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, alabaý itlerimiz hakynda maglumatlary, geçmişde türkmen halkynyň döreden Altyndepe, Parfiýa, Margiana, Ürgenç ýaly gadymy türkmen döwletlerimiz, türkmen halk döredijiligine degişli bolan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarymyz, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiz hakynda buýsançly we çuňňur mana eýe bolan giň pelsepewi gürrüňleri anyk mysallaryň üsti bilen beýan edýär.              Kitapda özygtyýarly döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň abraýly düzüm birlikleri bilen ýola goýulan hyzmatdaşlyk we onuň çäklerinde amala aşyrylan işler, kabul edilen Kararnamalar baradaky buýsançly gürrüňler bolsa, Bitarap Watanymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar diýip çykyşlarda bellenildi.          Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. AMANGELDI DURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň orunbasary

Read More

«ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gurnamagynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.         Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ý.Mawsumowadagylar çykyş etdiler.         Dabarada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» folklor etnografiýa aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.         Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemleri boýunça işgärleriň arasynda 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, 3-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýewdagylar mynasyp boldy. Bäsleşigiň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň arasyndaky ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mary «Demirbetonönümleri» kärhanalary mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigi guraýjylaryň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.         Dabara gatnaşyjylar we bäsleşikde ýeňiji bolanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASY «ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJISI BOLDY

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginde I orna mynasyp boldy.         Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerini amal etmekde möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

        19-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň gurnamagynda zyýanly ýa-da howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän işgärleri hökmany, deslapky, döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirmegiň tertibi boýunça umumy düşünje bermek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Okuw maslahatynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arassaçylyk gigiýenasy bölüminiň zähmet gigiýenasy bölümçesiniň sanitar lukmany G.Garryýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, ilatymyzyň saglygyny goramak ugrunda ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi, şeýle hem kärhanalarda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna işgärleriň zähmet şertnamasy baglaşylanda deslapky we işiň barşynda döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini guramak boýunça borçlary, şunuň bilen baglylykda işgärleriň hukuklary barada umumy düşünjeler berildi.         Şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi kärhanalarda işgärleriň zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda işlemeklerini gazanmakda, olaryň jan-saglygyny gorap saklamakda, hünär keselleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. SYLAPBERDI BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy

Read More

«RAÝAT GORANYŞY WE DÜRLI GÖRNÜŞLI ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA ÖZÜŇI GORAMAGYŇ TERTIBI» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

        12-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň guramagynda «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramagyň tertibi» boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri kapitan A.Ýaňyýew we «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni K.Baýramnurowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň tertibi» boýunça, şeýle hem himiýa, radiasiýa, bakteriologiýa we biologiýa bilen bagly işlerde zähmeti goramak we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünleri, zäherleýji maddalar olaryň häsiýetnamalary we tebigy hadysalar boýunça giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.         Şeýle wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi adamlaryň jan saglygyny we daşky gurşawy gorap saklamakda, ilatymyzyň raýat goranyşy babatyndaky hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmakda, tehnogen häsiýetli howply ýagdaýlarda, weýrançylyklarda, howply tebigy hadysalarda ýerine ýetirilmeli çäreler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. KEREMNUR BAÝRAMNUROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni

Read More

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN GYMMAT BAHALY SOWGATLAR WE HORMAT HATLARY BILEN SYLAGLANDYLAR

        3-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mejlisler jaýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni Y.Hydyrow, Elektro polat erediji sehiniň elektropeçlerde polat eredijisi K.Myratgulyýew, Hil sozma sehiniň gyzgyn sozujy stanoklarynyň post dolandyryş operatory M.Saparmuhammedow, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň el bilen kebşirleýjide elektro kebşirleýjisi A.Gullyýew we «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi D.Gylyjowdagylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.         Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, işgärleriň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetlerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More

AWAZA MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA «TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, SENAGAT, HIMIÝA, ENERGETIKA PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY HALKARA SERGISI WE MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

3-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guraýan giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze döwrüne gadam basdy. Gurluşyk-senagat toplumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly senagatlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap, ýokary tehnologiýaly infrastrukturany döretmek babatda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Täze ýaşaýyş toplumlary, senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly desgalar, halkara ulag-logistika merkezleri gurulýar. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, durnukly ösüş ýörelgelerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri bu giň möçberli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.         Täze sement zawodlarynyň, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, aýna we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleriň gurulmagy Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklary esasy serişdeler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna daýanmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazyň baý gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen himiýa senagaty okgunly ösdürilýär. Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär. Bu strategiýa ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy bilen bir hatarda, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara bazarlaryndaky ornuny hem pugtalandyrýar.         Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşi netijeli halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan işewürlik hem-de maýa goýumlar üçin amatly şertleri döredip, olaryň hukuk goraglylygyny kepillendirýär. Dünýäniň iri kompaniýalary türkmen bazaryna strategik taýdan ähmiýetli we geljegi uly meýdança hökmünde garaýarlar.         Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň özboluşly dizaýnly diwarlyklary ýerleşdirilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň sergi bölümi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Sergi diwarlygynda ýurdumyzyň «ýaşyl» gurluşyk ulgamynda ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.         «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň diwarlygynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlar tanyşdyrylýar. Eksportyň binýady hökmünde gazhimiýa pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň pawilýonynda döwrebap, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, milli we sebit ähmiýetli ulag-ýol infrastrukturasyny gurmak boýunça taslamalar ýerleşdirilipdir. Energetika ministrliginiň sergi bölüminde innowasiýalar we tehnologiýalar, hususan-da, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, şol sanda Gün, ýel energiýasyny milli energetika ulgamyna ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri beýanyny tapýar.         Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynda durnukly ösüşe ugrukdyrylýan maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi» atly plenar mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.         Halkara forumyň plenar mejlisiniň ahyrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gazanýan üstünlikleriniň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň, dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Arkadag şäheriniň halkara derejeli köp sanly sylaglara mynasyp bolmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.         Günüň ikinji ýarymynda maslahat «Ýaşyl» energetika geçmegiň ähmiýeti we himiýa senagatynyň ösüşiniň täze ugurlary» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Bu ugur Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.          Çykyşlarda “ýaşyl” energetikanyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän peýdaly täsirleri barada durlup geçildi. Bu pudak täze iş orunlaryny döretmäge, gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerine garaşlylygy azaltmaga, innowasiýalary ösdürmäge, olary ornaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak ýaly başlangyçlaryň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy. Mejlisiň dowamynda ýokary netijeli we howpsuz oba hojalyk dökünlerini öndürmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde himiýa senagatynyň wajyp orny ara alnyp maslahatlaşyldy.         Mejlis halkara bilermenler, öňdebaryjy korporasiýalaryň wekilleri bilen pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. «Sumitomo Corporation Central Eurasia LLC», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň energetika hem-de himiýa senagaty pudaklaryna daşky gurşawa zyňyndylary azaltmaga gönükdirilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. «S&P Global Platts», «Fertecon» ýaly öňdebaryjy agentlikleriň bilermenleri minerallaryň, dökünleriň we ammiagyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy barada seljerme maglumatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlary Türkmenistanyň bu bazarlardaky strategik ornuny, himiýa senagatyndaky ýokary mümkinçiliklerini tassyklady.         «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň ilkinji güni B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen tamamlandy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.         Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «KHD Humboldt Wedag International AG» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Zippe Industrieanlagen GmbH» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «WUHUAN Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «China CAMC Engineering

Read More

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZA «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ARHITEKTORY» DIÝEN HORMATLY ADYŇ DAKYLMAGYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

         16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýew alyp bardy.          Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gurluşyk-abatlaýyş meýdançasynyň başlygy B.Rejepowdagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýandygyny, gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanşyklydygyny belläp, 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babat-da ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňde baryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagynyň şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri bolup, tutuş halkymyzda buýsanç duýgularyny goşalandyrandygyny bellediler.          Binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzda binagärligi ösdürmekde, häzirki zaman has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny bina etmekde, raýat, saglygy goraýyş, senagat we oba binagärlik toplumlaryny döretmekde hormatly Prezidentimiziň bitiren we häzirki döwürde alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we onuň işini netijeli utgaşdyrmakda möhüm Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda bimöçber işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen döwrebap Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda saglygy goraýyşy halkara ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek, pudaga innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralaryny gurmak işlerine hem aýratyn üns berilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça binalar toplumy, şeýle hem Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirmek bilen, binagärlik babatda ýokary ölçegleriň üpjün edilmegi hem-de milli binagärlik äheňlerine we nusgalaryna laýyk getirilmegi netijesinde, bu binalar paýtagtymyzyň we gurulýan ýerine ajaýyp gözellik paýlar.              Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerinde bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri, binagärlik, bezeg we beýleki zerur bolan ugurlara aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän toýly günlerinde Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda açylyp ulanylmaga berilen köpsanly desgalar munuň aýdyň subutnmasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geljekki nesillere baky miras galjak, döwrebap, täsin inženerçilik çözgütlerini özünde jemleýän, dürli maksatly kaşaň binalar, döwrebap obalar we şäherler bagtyýar halkymyzyň isleglerine we bähbitlerine gönükdirilýär.          Gözbaşyny gadymýetiň gatlaryndan alyp gaýdýan milli türkmen binagärlik sungaty häzirki günlerimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has-da kämilleşdirilip, gözellik we oňaýlylygyň utgaşmasy bolup bütin dünýä ýaň salýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bina edilen täsin we haýran galdyryjy binalar bagtyýar raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň tutuşlugyna we bina edilen birnäçe ajaýyp binalaryň Ginnesiň bütin dünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.              Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taslama we binägärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlary bu işlere giňden çekmek, bu ugurda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ýaly ugurlara hem aýartyn üns berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli oýlanşykly syýasatynyň aýdyň beýany bolmak bilen, iri möhüm gurluşyk taslamalarynyň aglaba böleginiň ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa bu işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.          Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ulgama sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli gurluşyk ulgamynyň işiniň barha rowaçlanmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, häzirki wagtda meýilleşdirilýän gurluşyk desgalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamakda, gurluşygyň düýpli görkezijilerini takyk hasaplamakda, deslapky taslama-çenlik hasaplamalaryny alyp barmakda degişli resminamalary taýýarlamakda, gurluşyk işlerini maliýeleşdirmek we meýilleşdirmek, gerekli maglumatlary iş ýüzünde peýdalanmak ýaly iş amallary dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyryldy. Bu işleri talabalaýyk alyp barmak boýunça ýörite kompýuter programmalary, elektron binýatlar we serwerler ornaşdyryldy. Netijede bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, berk binýatly, häzirki zaman, milli we daşary ýurt binagärlik äheňleriniň iň kämil nusgalaryny özünde jemleýän kaşaň binalar gurulýar. Şeýle işleriň yzygiderli tapgyrlaýyn esasda alnyp barylmagy bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gurýan döwlet – gurply döwletdir!» diýen ajaýyp jümlesiniň dabaralanmasy bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary göterilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.              Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, eziz diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň rowçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň

Read More

BARHA ROWAÇLANÝAR MILLI SENAGAT!

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolan beýik başlangyçlary, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek boýunça kabul edilen uzak gelejegi nazarlaýan maksatnamalar, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşlygynda döwrüň ruhuna laýyk derejede kämilleşdirmek arkaly üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary, gazanylýan ägirt uly üstünlikler, dürli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda täze taryhy eýýamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi we bu maksatnamada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini geljek 30 ýylyň dowamynda ösdürmek boýunça ileri tutulýan anyk çäreleriň bellenilmegi hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň senagat toplumy özygtyýarly Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda öndürilýän önümler özüniň ýokary hilliligi hem-de ekologik taýdan arassalygy bilen has-da tapawutlanýar. Bu bolsa, önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär.          Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän toýly günlerinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylmagy, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläkde ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, innowasion döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu döwrebap önümhana, ýerli çig malyň hasabyna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, importyň ornuny tutýan dürli görnüşli çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze gurlup ulanylmaga berilen bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berer. Önümhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlap, ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Ergin aýna fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. «IS» enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär.          Önümhanada döwrebap barlaghananyň işiniň ýola goýulmagy we bu barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglaryny talabalaýyk geçirmäge mümkinçilik döredýär. Hususanda barlaghanada ornaşdyrylan «BTLT-2» enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygynyň barlagy, «Vici vishion» enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçeginiň barlagy, «Labniks» enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, «AGR» enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär.          Açylyş dabarasynda önümhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň, çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň gowşurulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylgynda gurulýan önümçilik desgalarynyň, zawotlaryň we kärhanalaryň öňdebaryjy ulgamlary, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özünde jemlemegi şeýle desgalara bildirilýän ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.          Täze önümhana möhüm durmuş ähmiýetli kärhana bolmak bilen, onuň bina edilmegi ilatymyzy, ylaýtada türkmen ýaşlaryny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilikleri döretdi. Ähli önümçilik prosesleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy bolsa, önümhanada zähmet çekýän ýokary hünär derejeli inženerleriň, tehnologlardyr işgärleriň öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanmaklaryna itergi berýär.          Önümhanada ýokary energiýa netijeliligini gazanmak maksady bilen, gazy we elektrik energiýasyny tygşytlaýjy innowasion çözgütler giňden ornaşdyryldy. Bu bolsa, önümçilik çykdajylaryny peseltmäge, netijede bolsa, önümhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.          Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi senagatlaşdyrmakda dünýä nusgalyk işleri amal edýän, türkmen senagatçylaryna döwrebap şertlerde zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. ABDYLLA DÖWLETOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory

Read More