AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBINIŇ TALYPLARYNYŇ GÖÇME OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

         25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň «Dokma we ýeňil senagatynyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek» hünärinde okaýan talyplary özleriniň halypa mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhananyň hünärmenleri tarapyndan kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, öndürilýän önümler barada giňişleýin gürrüňler berildi.          Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan işleriniň aýdyň beýanydyr. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener tehnology (metallurgiýa boýunça)

Read More

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, LUKMANÇYLYK YLYMLARYNYŇ DOKTARY, PROFESSOR GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ XVI JILDINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniňtanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradow alyp bardy.              Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň Lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygyrýet bossanynyň beýik söz ussady, pelsepe äleminiň şasy türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna atlandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir gününiň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlara beslenip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniň dowam edýän şanly ýylymyzda uly ruhubelentlikde bellenilip geçilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowuşandygyny, bu neşirde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda ösýän 106 sany dermanlyk ösümlikleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary, olardan dürli görnüşli melhemleriň taýýarlanyş usullary barada ylmy esasda öwrenilen maglumatlary giňişleýin beýän edýändigini bellediler.              Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy we başy başlanan beýik özgertmeler hormatly Prezidentimiz Arkadagyly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam edilýär. Munuň aýdyň mysalyna paýtagtymyz Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagyny mysal getirmek bolar diýip çykyş edenler nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary, halkymyzyň saglygyny gormak we halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek boýunça edýän aladalarynyň netijesinde paýtagtymyzda döwrebap Halkara Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we beýleki saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, ýurdumyzda ýokary derejeli lukmanlary taýýarlamak boýunça maksatnama esasynda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki wagtda paýtagtymyzda okatmaga we okamaga ähli mümkinçilikler döredilen iň kämil tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançlyk uniwersitetiniň hereket edýändigini belläp, sebitde we ýurdumyzda ýeke täk «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alyp bina edilen Arkadag şäherinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagynyň saglyk ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi diýip çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.              Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzda Fitoteropiýany ylmy esasda öwrenmekde, Türkmenistanyň ösümlik dünýasiniň melhem otlaryny hemmetaraplaýyn düýpli öwrenmekde ylmy çeşme bolmak bilen, bu ugurdaky bilimleri has-da ösdürmekde netijeli gollanma bolar.              Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerini giňden öwrenmek, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmak, olardan ýokary hilli dermanlyk serişdelerini hem-de melhemleri taýýarlamak boýunça beýik işleri durmuşa geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildinde pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlygyna öwürlen, halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda Gahryman Arkadagymyz türkmen topragynda ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň türkmen halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň bolsa    500-den gowragynyň Türkmenistanyň florasynda endemik ösümlikdigini uly buýsanç bilen belleýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildinde 106 sany dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlar ýerleşdirilmek bilen, bu kitapda türkmen topragynyň ajaýyp tebigy künjekleri bolan Merkezi Köpetdagda ýerleşýän Degirmendag gerşiniň, Kyrkgyz şaglawugynyň, Altyýap dag bulagynyň, Günorta-Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Toklynyň çeşmesi, Patmaýurt, Parhaý, Aşaky jümeý jülgeleriniň we başgada beýleki tebigy täsin künjekleriň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi kitabyň täsirini has-da artdyrýar.          Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle uly ähmiýetli kitaplarynyň dowamly bolmagyny arzuwlap, jemgyýetimizde jebisligi, halkymyzyň röwşen gelejegi, saglygy we abadançylygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny, beýik başlangyçlar bilen mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNA SOWGAT BEREN KUWWATLY ÝÜK AWTOULAGLARY GELIP GOWUŞDY

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasyna hormatly Prezidentimiziň sowgat beren Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan kuwwatly ýük awtoulaglarynyň 20 sanysy gelip gowuşdy. Bu ýük awtoulaglary kärhanamyzyň işgärleri tarapyndan tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul edildi. Kärhana sowgat berilen tehnikalar ak saçly enelerimiziň, il sylagly ýaşulylarymyzyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgärleriniň gatnaşmagynda milli däp-dessurlarymyz esasynda kabul edildi. Kärhanamyz üçin şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alynyp berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi täze taryhy eýýamda hemmetaraplaýyn esasda okgunly ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk düýpli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gelejekde kärhanamyzyň                    maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak, kärhananyň agzybir işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran häzirki zaman kuwwatly ýük awtoulaglary önümçilik maksatlary bilen giňden peýdalanylar hem-de işleri döwrümiziň talabyna laýyk derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge, kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. Kärhanamyzyň işgärleriniň şeýle döwrebap, häzirki zaman, ýokary kuwwatly ýük awtoulaglaryny sowgat berip, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ösmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlarynyň we sag bolsunlarynyň çägi ýok. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY GARAŞSYZLYGYNYŇ 33 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli bagyşlanan çäre geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowa alyp bardy. Dabaranyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş energetiginiň w.w.ýe.ýe. P.Ýagşymämmedowdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir güniniň toý-baýramlara beslenip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny, baş baýramymyz bolan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň mahriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilendigini, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň aýdyň beýanyny bolan, halk bilen häkimýetiň arasyndaky berk arabaglanşygy aňladýan, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň şöhlelenmesine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň, 2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, Döwlet münberiniň toplumynda dabaraly harby ýörişiň, «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserdiniň we feýerwergiň, Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň, Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen halky özüniň arzuwlan Garaşsyz döwletini Türkmenistany bütin dünýäde ykrar etmek bilen, özüniň döwlet gurmak babatynda täze tapgyryna çykyp, baky bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň ýolyna düşdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ene dilini, milli däp-dessurlaryny gaýtaryp berdi. Ýurdumyz belent derejelere ýetip, halkymyz bagtyýar we eşretli durmuşyň hözürini görüp, erkana durmuşda ýaşaýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan taryhy beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk eýýamlaryň şan-şöhratydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu mukaddeslige ýokary baha berýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda we at-owazasy dünýä dolan «akylly» Arkadag şäherinde iri möçberli gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bolsa, Garaşsyzlygyň halkymyza beren peşgeşi bolup ykdysady kuwwatymyzyň ýokary derejelere göterilendigini bütin dünýä subut edýär. Ähli başlangyçlary diňe halkyň bähbidine gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitiren hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Uly üstünliklere beslenip dowam edýän täze taryhy eýýamymyzyň şöhratly taryhyna ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde ýokary guramçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy Mejlisine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa bu mejlisiň ýurdymyzyň we halkymyzyň durmuşynda ähmiýetiniň örän ulydygyny görkezýändigini, bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn çykyş etmeginiň hem-de öz çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan beýik üstünlikleri dogrusynda giňişleýin durup geçmeginiň, şonda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip bellemeginiň ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesine göterilýändigini görkezdi diýip çykyş edenler bellediler. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynda geçirilen dabaraly ýörişe işjeň gatnaşan işgärlerini, şeýle hem jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezen ýaşlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

T/b Işgäriň familýasy, ady Eýeleýän wezipesi Mynasyp bolan döwlet sylagy 1. Döwletow Abdylla Rahmanowiç «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2023ý.   «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2025ý. 2. Babaýew Rüstem Pihambergulyýewiç «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2024ý. 3. Mämmedow Setdarberdi Suhanberdiýewiç Hil sozma sehiniň ussasy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2023ý. 4. Annamow Hojamyrat Aşyrowiç Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça sehiniň  gaz bilen kesijisi «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2020ý. 5. Sogomonýans Leon Aleksandrowiç «Türkmenbaşydemirönümleri» şahamçasynyň döwük bölekleri we galyndy metallarda barlagçysy Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, 2020ý. 6. Pogosýan Weronika Mişaýewna Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek bölüminiň baş hünärmeni Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 7. Rahmanow Ýunus Jangeldiýewiç «Lebapdemirönümleri» şahamçasynyň «Amyderýademirönümleri» meýdançasynyň  tehnik-gözegçisi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 8. Saparweliýew Bazar «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 9. Durdyýew Amanmyrat Rejepowiç Energoüpjünçilik sehiniň suw üpjünçilik meýdançasynyň meýdança ussasy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2018ý.  10 Berdiýew Gurbanmyrat Muhammetgulyýewiç «Tejendemirönümleri» şahamçasynyň         çekimçi-hasapçysy «Türkmenistanyň Garaşsylynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2016ý.

Read More

MILLI KANUNÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Binýady berkden tutulan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde «Döwlet–adam üçindir!» şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli durmuş özgertmeleri bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň, erkana zähmet çekmekleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Kanunyň ileri tutulmagy türkmen jemgyýetiniň baş ýörelgesidir» diýip bellemek bilen häzirki wagtda döwletimiziň ösen zähmet bazaryna geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetiň dünýä ulgamyna goşulmagynda zähmet kanunçylygynyň düýpli kämilleşdirilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemäge, zähmetiň amatly şertlerini döretmäge, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybarat bolan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zähmet gatnaşyklaryny döwrebap guramagyň ähli ugurlary düzgünleşdirilýär. Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň zähmete bolan hukugy, olaryň saýlap alan käri boýunça zähmet çekmekleri, özleriniň zähmet endiklerini kämilleşdirmekleri Baş kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan doly kepillendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde raýatlara işlemäge döretmäge ähli şertler döredilýär we bu ugurdaky işler döwrümiziň talabyna laýyk derejede has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasynda (Zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmeleri) raýatlaryň zähmete bolan hukugy, edýän işi we iş ýerini saýlamaga bolan hukugy, her bir raýatyň öndürjilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuklary doly beýan edilýär we kepillendirilýär. Şeýle hem bu kanunda işgäriň bellenen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge, ýatyrmaga, şertnamada şertlendirilen işiň özüne berilmegini talap etmäge, zähmeti guramagyň, tehniki howpsuzlygyň döwlet ülňülerinde göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň, arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna bolan hukuklary göz öňünde tutulýar.      Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmelerini mynasyp ýörelgeler esasynda üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem mynasyp işler alnyp barylýar. Täze kabul edilýän we täzeden işlenilip taýýarlanylýan kanunçylyk namalary, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze kabul edilýän kanunlar işlenilip taýýarlanylanda bu ugurda ösen döwletleriň tejribeleriniň düýpli öwrenilmegi, şol tejribeleriň milli tejribelerimiz bilen utgaşykly esasda özleşdirilmegi we kanunlarymyzda beýan edilmegi döwletimiziň milli hukuk ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da berkidýär. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn» diýip belleýän sözleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň subutnamasydyr. Mizemez berk binýatly Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraý derejesini pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňIşgärler bölüminiň başlygy

Read More

TÜRKMENISTANYŇ MUKADDES GARAŞSYZLYGYNYŇ 33 ÝYLLYK BAÝRAMY, «ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowanyň we Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» atly gepleşik ýazgy edildi.          Gepleşigiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, maslahatlary bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmeginde, has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan gürrüňler beýan edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy A.Atabaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini, şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşuklarynyň guralýandygyny aýtdylar. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda raýatlarymyzyň saglygyna, olaryň durmuşyna howp salýan hadysalardan ägä bolmak, seresaplylygy we ünsliligi elden bermezlik hem-de köçe ýol hereketiniň talaplaryny we düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça gürrüňlere hem uly orun berildi. Döwletli tutumlarymyzyň başyny başlaýjy, türkmen ýaşlarynyň ähli babatda nusgalyk göreldesi bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary bilen türkmen ýaşlarynyň döwrebap, kämil şähsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi, Garaşsyz ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatdaky başy başlanan işleriň derwaýys möhüm böleginiň türkmen ýaşlarynyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny belläp «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň kadalaryna bagyşlanan biraýlyga badalga berilmeginiň bu ugurda uly ähmiýetiniň bardygyny wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ BADALGA ALMAGYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň we kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Ýol hereketiniň        howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň badalga almagyna bagyşlanan  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Orazow, Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýew, Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradowdagylar çykyş etdiler.   Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Döwlet-adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda adam hakyndaky alada döwlet derejesine göterilip, güneşli Diýarymyzda ähli zat halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýytdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, köçelerde howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler. Ýurdymyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerüsti hem ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň netijesinde döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň we goşmaça ýol şahalarynyň sany barha artýar. Bu bolsa köçelerde ugurlaryň hereketini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işler guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň, sanly tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy hukuk resminamasydyr. Bu kanunçylyk namasy raýatlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Ýeri gelenini aýtsak, bu kanunçylyk namasynyň işlenilip taýýarlanylmagynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara hukuk düşünjeleri bilen milli kanunçylygymyzyň sazlaşygynyň aýdyň şöhlelendirlendigini nygtamak gerek diýip wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler nygtadylar. Şeýle-de çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly çäreler toplumynyň dowamynda, maslahatlaryň geçirilmeginiň, teleradioýaýlymlarda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly gysga metražly filmleriň görkezilmeginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýaynyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, metbugat sahypalarynda makalalaryň yzygiderli çap edilmeginiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny wagyz edýän dürli neşirleriň raýatlarymyza ýaýradylmagynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagy bir aýlygyň çäreleriniň geriminiň örän giňdigini görkezýändigini nygtadylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň bagtyýarlygyny we erkana durmuşynyň sakasynda duran, bagtyýar raýatlarymyz hakynda aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

ARKADAG ŞÄHERI – BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI!

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurmagyň we döretmegiň, dostlugyň-doganlygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Gurýan döwlet – guruply döwletdir!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, taýsyz yhlasyndan, ýürek owazyndan kemal tapan sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgeleri we «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy esasynda, gojoman Köpetdagyň iň bir gözel ajaýyp tebigy taýdan arassa künjeginde bina edilen Arkadag şäheri ýaşlygyň we juwanlygyň, baky bagtyýarlygyň şäheri hökmünde tutuş halkymyzyň guwanjyna hem-de buýsanjyna öwrüldi. Milli binagärligimiziň häzirki zaman öwüşgünleri, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäherine birnäçe dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan güwänamalaryň we sylaglaryň berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde bolsa, dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherlerini, şeýle hem kompaniýalaryny özünde jemleýän Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri üç sany baýrak bilen sylaglanmagy bolsa bu şäheriň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrdy. Akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäherine «akylly şäher» ulgamyndaky belent üstünlikler üçin (Smart City Excellence Award) sylagy, «Daşary ýurt «akylly şäheri» (Foreign city award) we ««World Smart City Expo 2024» Bütindünýä «akylly şäherleriň» sergisine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlardaky baýraklar gowşuryldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn nygtamak has-da buýsandyryjydyr. «2024 World Smart City Expo 2024» Bütindünýä sergisine Koreýa Respublikasynyň sebitlerinden başga-da Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň, Ysraýyl döwletiniň we şol sanda ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy bu serginiň geriminiň has-da ulydygyny görkezýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygyndan binýat bolan Arkadag şäherine şeýle halkara derejeli baýraklaryň berilmegi diňe bir Arkadag şäherine berilen mynasyp baha bolman, eýsem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygyna halkara derejesinde berilen ýokary baha hökmünde garamak bolar. Döwrümiziň beýik syýasatçysynyň, bütin dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň adynyň bu ajaýyp şähere halkymyzyň arzuw-islegleriniň gözöňünde tutulup dakylmagy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň külli türkmen halkynyň öňünde bitren aýratyn hyzmatlaryna beren ýokary bahasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde bu şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyryna badalga berilmegi bu şäheriň ösüş ýolunda täze tapgyry açdy. Binýady berkden tutulan Arkadag şäherinde halkara çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu şäheriň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň subut edýär. Beýik ösüşlerimiziň, ýeten belent derejelerimiziň, asuda we abadan Watanymyzyň, döwletliligimiziň çeper binagärlik keşbi bolan Arkadag şäheri baky bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nusgasy bolup täze taryhy eýýamymyzyň ýalkymy bolup asyrlara ýaň salar. Döwrebap şäherleri, nusgalyk obalary gurup halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. MUHAMMET BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň başlygy

Read More