Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä welosiped güni mynasybetli täsirli çäreleriň we ýaryşlaryň guralmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar. Hormatly adamlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy bagtyýar halkymyzy çäksiz buýsandyran wakalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Eziz watandaşlar! Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Garaşsyz ýurdumyz beýleki möhüm ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa babatda halkara resminamalara işjeň goşulyp, daşky gurşawy goramaga we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Diýarymyzda köpçülikleýin ylgaw hem-de welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Welosiped sporty hem ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ata Watanymyzyň aýdyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sportuň dürli, şol sanda hereketli milli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi mynasyp dowam etdireris. Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Diýarymyzy ösen sport döwletine öwürmek ugrundaky tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimiz! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta söýgi durmuşa söýgüdir. Sport raýatlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygy babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir. Şoňa görä-de, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Siziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyňyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly asylly däbiň başynyň başlanylmagy bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasynyň, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň tarapdarlarynyň barha artýandygyny görkezýär. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Häzirki zaman dünýäsinde welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişde hasaplanýar. Ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar. 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda ählumumy tagallalara işjeň goşant goşýandygyny alamatlandyrýar. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä Olimpiýa hereketine goşulmak üçin Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreş boýunça halkara Konwensiýasyny tassyklamagy, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşulmagy, Milli antidoping agentliginiň döredilmegi, halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri sport ulgamynda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Siziň başda durmagyňyzda bu günki gün Bütindünýä welosiped güni milli senenamamyzda aýratyn orny eýeläp, dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýar. Bu möhüm senäniň şanyna geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri eziz Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiz! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara baýram hökmünde uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri,  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow. Source

Read More
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatynyň abadançylyk, parahatçylyk ugrundaky bilelikdäki tagallalaryny goldamagyny dileýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Abdel Fattah Al-Sisi,Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident! Siziň Alyhezretiňize hut öz adymdan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň, institutlarynyň işgärleriniň adyndan mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermegi özüme mertebe hasaplaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileýäris. Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Hisseýn Brahim Taha,Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary. Source

Read More
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda çagalara döwrebap bilim bermek, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. …“Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgüniň bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän çagalaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu çäre şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýdyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän, sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna welosipedleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly, durmuşa höwesli bolup ýetişmegine itergi berer. Sapaly künjekde wagtyny şadyýan geçirýän çagalar üçin bu sowgat aýratyn ähmiýetlidir. Bagtyýar çagalara täze welosipedleriň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda gowşurylmagy özboluşly mana eýedir. Welosipedleri buýsanç duýgulary bilen kabul eden çagalar özleri baradaky atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda-da Milli Liderimiz çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde özüne sowgat berlen welosipedleri Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşurypdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar döwlet derejesindäki alada çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bagtyýar çagalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini buýsanç bilen bellediler. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alyş merkezlerinde wagtyny şadyýan geçirmekleri, çagalaryň öňdebaryjy enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe almaklary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere gowşurylan sowgatlar hem olaryň sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bolan welosport bilen yzygiderli meşgullanmagyna mümkinçilik berer. Sowgatlary kabul eden ýaş nesiller ýurdumyzyň ähli çagalaryny atalyk aladasy bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Source

Read More
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň buýsanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän bu ajaýyp sungatymyz dünýäde doly ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, onuň dünýägaraýşyny, medeniýetini, ýürek arzuwlaryny, geljege bolan beýik ynamyny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr. Çeper elli halyçylar we ussat halyşynaslar!Gadyrly myhmanlar! Täze taryhy döwürde halkymyzyň bütin dünýä ýaýran halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu nepis we ajaýyp sungaty Ýer ýüzünde wagyz etmek, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze görnüşlerini döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hünär ussatlygy, zähmetsöýerligi bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Olara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Biz mundan beýläk-de ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis.  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň ajaýyp halylarynyň nagyşlarynda şöhlelendirilýän milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, behişdi bedewlerimiziň bady bilen röwşen geljege tarap ynamly barýarys. Müň öwüşginli halylarymyzda öz beýanyny tapýan asylly ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinden ruhlanyp, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetýäris. Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!Gadyrly halyçylar! Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun! Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Source

Read More
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Source

Read More
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Türkmenistanyň BMG-niň hem-de beýleki halkara platformalarynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi. Taraplar ählumumy we sebit howpsuzlygy meseleleriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Ýokary derejedäki syýasy dialogyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berýär. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup, iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegini berkitmäge we has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ähli derejelerde işjeň syýasy dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Source

Read More
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu resminamanyň ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygy nygtaldy. Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň dört sany iri halkara başlangyjy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň binýadynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenýän Akademiki merkezi döretmek, Türkmenistanyň çäginde jedelleri parahatçylykly çözmegiň anyk mehanizmi hökmünde Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek, BMG bilen bilelikde Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyny ilerletmek ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek boldy. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamaga ygrarlydygyny beýan etdi. Halkara howplaryna garşy köpçülikleýin göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasyny döretmek baradaky başlangyjy jikme-jik tanyşdyrdy. Bu edara sebitde möhüm seljeriş we bilermenler platformasyna öwrüler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge hem-de ýokary hünärli diplomatik işgärleri taýýarlamaga özara taýýardyklaryny tassykladylar. Source

Read More
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostluk hem-de myhmansöýerlik ýörelgelerini ösdürýän şäher hökmünde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly halkara sergi hem paýtagtymyzyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri özünde jemleýär. 25 ýyldan bäri her ýyl geçirilýän köpugurly sergi şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan çärä gatnaşmak isleýänleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň döwletimiziň ösüşlerine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Köpugurly halkara sergä we maslahata 55 ýurtdan wekiller gatnaşýarlar. Munuň özi Diýarymyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde maýa goýumlar üçin oňyn şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu foruma gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalary, maliýe guramalary we maýadarlar geljegi uly taslamalary öwrenmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Köpugurly sergä gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlyk üçin özara bähbitli işewürlik tekliplerini hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Serginiň çäklerinde türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Uly ekranda ak mermerli paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýeten derejesi görkezildi. Owadan görnüşde ýerleşdirilen köp sanly güller, bezeg baglary ýurdumyzyň baş şäherinde ekologik abadançylyga möhüm üns berilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde Aşgabadyň keşbini emele getirýän ajaýyp binalaryň şekil nusgalaryna-da aýratyn orun berlipdir. Paýtagtymyzyň şu günki döwrebap keşbi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ýeten derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Gurluşyk pudagynda batly depginde dowam edýän özgertmeleriň, ýokary maýa goýum işjeňliginiň oňyn netijesini ak mermerli Aşgabadyň mysalynda görmek bolýar. Gurluşyk-senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň diwarlyklarynda ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdelerine, durmuşa geçirilen taslamalara möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hereket edýän önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurly önümleri öndürýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawod-kärhanalary gurmak babatda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik, oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, merjen şäherimiz Aşgabatda giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny nygtamak gerek. Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Bouygues Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Çalyk Enerji”, “Daewoo”, “Altkom”, “Interbudmontaž” ýaly ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalary bar. Olar baş şäherimizi özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. Oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň telekeçileridir haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamagy we höweslendirmegi netijesinde olaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän desgalar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, degişli düzümler ösdürilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. “Ajaýyp gurluşyk”, “Rysgally zähmet”, “Röwşen”, “Ýedi-Ýer”, “Altyn Nesil”, “Ojar Aziýa” ýaly hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezýärler. Bu hususy düzümler paýtagtymyzda, welaýatlarda durmuş, önümçilik desgalarynyň ençemesini bina etdiler. Häzirki wagtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi. Bu ugurda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Bu babatda Diýarymyzyň örän baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi giň mümkinçilikleri açýar. Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. “Ak bulut”, “Ak tam”, “Eziz doganlar”, «Derýaplastik”, “Şanly bedew”, “Galkynyş plastik” ýaly türkmen kompaniýalary kafelleri, asma petikleri, ýerli çig mal serişdeleri ulanylyp taýýarlanylýan başga-da köp sanly gurluşyk serişdelerini hödürleýärler. “Türkmen Enjam”, “Ak hümmet”, “Arçaly Dünýä” we “Eşret mahabat” ýaly kärhanalar gurnama işlerini ýerine ýetirmek, dürli maksatly desgalar üçin enjamlary getirmek boýunça hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramagyň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýär. Giň gerimli gözden geçirilişe bagçylyk, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe hususy kärhanalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda “Saýaly jülge”, “Bossan Concept”, “Roza gül” ýaly kärhanalar bar. Ýaşaýyş-durmuş üçin amatly şertleri döretmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyna, olarda “akylly” öý we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň we Hytaýyň “Unilumin Group” kompaniýasynyň innowasion enjamlary, sanly tehnologiýalary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Birnäçe kärhanalar sanly ulgamy ornaşdyrmak, önümçilikler üçin dürli programma çözgütlerini

Read More
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy, medeni merkezi bolan paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary göwnüňi galkyndyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, ruhuňy göterýär. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny görkezýär. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Her güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän, paýtagtymyzyň gözelligini, binagärlik taýdan döwrebaplygyny şöhlelendirýän dabaralar, sergiler, dürli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň mekdeplerinde guralýan «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşýar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi bolsa hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, şeýle hem bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde, şeýle hem şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar. «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklara gabatlanyp, baş şäherimizde dürli maksatly desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi bütin halkymyzyň buýsanjydyr, döredijilik kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris. Eziz watandaşlar!Hormatly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň, döredijiligiň, rowaçlygyň, ak arzuwlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow. Source

Read More