T/b Işgäriň familýasy, ady Eýeleýän wezipesi Mynasyp bolan döwlet sylagy 1. Döwletow Abdylla Rahmanowiç «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2023ý.   «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2025ý. 2. Babaýew Rüstem Pihambergulyýewiç «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2024ý. 3. Mämmedow Setdarberdi Suhanberdiýewiç Hil sozma sehiniň ussasy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2023ý. 4. Annamow Hojamyrat Aşyrowiç Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça sehiniň  gaz bilen kesijisi «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2020ý. 5. Sogomonýans Leon Aleksandrowiç «Türkmenbaşydemirönümleri» şahamçasynyň döwük bölekleri we galyndy metallarda barlagçysy Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, 2020ý. 6. Pogosýan Weronika Mişaýewna Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek bölüminiň baş hünärmeni Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 7. Rahmanow Ýunus Jangeldiýewiç «Lebapdemirönümleri» şahamçasynyň «Amyderýademirönümleri» meýdançasynyň  tehnik-gözegçisi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 8. Saparweliýew Bazar «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2019ý. 9. Durdyýew Amanmyrat Rejepowiç Energoüpjünçilik sehiniň suw üpjünçilik meýdançasynyň meýdança ussasy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2018ý.  10 Berdiýew Gurbanmyrat Muhammetgulyýewiç «Tejendemirönümleri» şahamçasynyň         çekimçi-hasapçysy «Türkmenistanyň Garaşsylynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2016ý.

Read More

MILLI KANUNÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Binýady berkden tutulan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde «Döwlet–adam üçindir!» şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli durmuş özgertmeleri bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň, erkana zähmet çekmekleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Kanunyň ileri tutulmagy türkmen jemgyýetiniň baş ýörelgesidir» diýip bellemek bilen häzirki wagtda döwletimiziň ösen zähmet bazaryna geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetiň dünýä ulgamyna goşulmagynda zähmet kanunçylygynyň düýpli kämilleşdirilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemäge, zähmetiň amatly şertlerini döretmäge, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybarat bolan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zähmet gatnaşyklaryny döwrebap guramagyň ähli ugurlary düzgünleşdirilýär. Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň zähmete bolan hukugy, olaryň saýlap alan käri boýunça zähmet çekmekleri, özleriniň zähmet endiklerini kämilleşdirmekleri Baş kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan doly kepillendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde raýatlara işlemäge döretmäge ähli şertler döredilýär we bu ugurdaky işler döwrümiziň talabyna laýyk derejede has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasynda (Zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmeleri) raýatlaryň zähmete bolan hukugy, edýän işi we iş ýerini saýlamaga bolan hukugy, her bir raýatyň öndürjilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuklary doly beýan edilýär we kepillendirilýär. Şeýle hem bu kanunda işgäriň bellenen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge, ýatyrmaga, şertnamada şertlendirilen işiň özüne berilmegini talap etmäge, zähmeti guramagyň, tehniki howpsuzlygyň döwlet ülňülerinde göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň, arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna bolan hukuklary göz öňünde tutulýar.      Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmelerini mynasyp ýörelgeler esasynda üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem mynasyp işler alnyp barylýar. Täze kabul edilýän we täzeden işlenilip taýýarlanylýan kanunçylyk namalary, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze kabul edilýän kanunlar işlenilip taýýarlanylanda bu ugurda ösen döwletleriň tejribeleriniň düýpli öwrenilmegi, şol tejribeleriň milli tejribelerimiz bilen utgaşykly esasda özleşdirilmegi we kanunlarymyzda beýan edilmegi döwletimiziň milli hukuk ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da berkidýär. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn» diýip belleýän sözleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň subutnamasydyr. Mizemez berk binýatly Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraý derejesini pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňIşgärler bölüminiň başlygy

Read More

TÜRKMENISTANYŇ MUKADDES GARAŞSYZLYGYNYŇ 33 ÝYLLYK BAÝRAMY, «ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowanyň we Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» atly gepleşik ýazgy edildi.          Gepleşigiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, maslahatlary bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmeginde, has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan gürrüňler beýan edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy A.Atabaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini, şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşuklarynyň guralýandygyny aýtdylar. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda raýatlarymyzyň saglygyna, olaryň durmuşyna howp salýan hadysalardan ägä bolmak, seresaplylygy we ünsliligi elden bermezlik hem-de köçe ýol hereketiniň talaplaryny we düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça gürrüňlere hem uly orun berildi. Döwletli tutumlarymyzyň başyny başlaýjy, türkmen ýaşlarynyň ähli babatda nusgalyk göreldesi bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary bilen türkmen ýaşlarynyň döwrebap, kämil şähsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi, Garaşsyz ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatdaky başy başlanan işleriň derwaýys möhüm böleginiň türkmen ýaşlarynyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny belläp «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň kadalaryna bagyşlanan biraýlyga badalga berilmeginiň bu ugurda uly ähmiýetiniň bardygyny wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ BADALGA ALMAGYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň we kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Ýol hereketiniň        howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň badalga almagyna bagyşlanan  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Orazow, Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýew, Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradowdagylar çykyş etdiler.   Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Döwlet-adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda adam hakyndaky alada döwlet derejesine göterilip, güneşli Diýarymyzda ähli zat halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýytdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, köçelerde howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler. Ýurdymyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerüsti hem ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň netijesinde döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň we goşmaça ýol şahalarynyň sany barha artýar. Bu bolsa köçelerde ugurlaryň hereketini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işler guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň, sanly tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy hukuk resminamasydyr. Bu kanunçylyk namasy raýatlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Ýeri gelenini aýtsak, bu kanunçylyk namasynyň işlenilip taýýarlanylmagynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara hukuk düşünjeleri bilen milli kanunçylygymyzyň sazlaşygynyň aýdyň şöhlelendirlendigini nygtamak gerek diýip wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler nygtadylar. Şeýle-de çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly çäreler toplumynyň dowamynda, maslahatlaryň geçirilmeginiň, teleradioýaýlymlarda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly gysga metražly filmleriň görkezilmeginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýaynyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, metbugat sahypalarynda makalalaryň yzygiderli çap edilmeginiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny wagyz edýän dürli neşirleriň raýatlarymyza ýaýradylmagynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagy bir aýlygyň çäreleriniň geriminiň örän giňdigini görkezýändigini nygtadylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň bagtyýarlygyny we erkana durmuşynyň sakasynda duran, bagtyýar raýatlarymyz hakynda aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

ARKADAG ŞÄHERI – BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI!

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurmagyň we döretmegiň, dostlugyň-doganlygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Gurýan döwlet – guruply döwletdir!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, taýsyz yhlasyndan, ýürek owazyndan kemal tapan sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgeleri we «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy esasynda, gojoman Köpetdagyň iň bir gözel ajaýyp tebigy taýdan arassa künjeginde bina edilen Arkadag şäheri ýaşlygyň we juwanlygyň, baky bagtyýarlygyň şäheri hökmünde tutuş halkymyzyň guwanjyna hem-de buýsanjyna öwrüldi. Milli binagärligimiziň häzirki zaman öwüşgünleri, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäherine birnäçe dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan güwänamalaryň we sylaglaryň berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde bolsa, dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherlerini, şeýle hem kompaniýalaryny özünde jemleýän Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri üç sany baýrak bilen sylaglanmagy bolsa bu şäheriň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrdy. Akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäherine «akylly şäher» ulgamyndaky belent üstünlikler üçin (Smart City Excellence Award) sylagy, «Daşary ýurt «akylly şäheri» (Foreign city award) we ««World Smart City Expo 2024» Bütindünýä «akylly şäherleriň» sergisine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlardaky baýraklar gowşuryldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn nygtamak has-da buýsandyryjydyr. «2024 World Smart City Expo 2024» Bütindünýä sergisine Koreýa Respublikasynyň sebitlerinden başga-da Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň, Ysraýyl döwletiniň we şol sanda ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy bu serginiň geriminiň has-da ulydygyny görkezýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygyndan binýat bolan Arkadag şäherine şeýle halkara derejeli baýraklaryň berilmegi diňe bir Arkadag şäherine berilen mynasyp baha bolman, eýsem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygyna halkara derejesinde berilen ýokary baha hökmünde garamak bolar. Döwrümiziň beýik syýasatçysynyň, bütin dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň adynyň bu ajaýyp şähere halkymyzyň arzuw-islegleriniň gözöňünde tutulup dakylmagy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň külli türkmen halkynyň öňünde bitren aýratyn hyzmatlaryna beren ýokary bahasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde bu şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyryna badalga berilmegi bu şäheriň ösüş ýolunda täze tapgyry açdy. Binýady berkden tutulan Arkadag şäherinde halkara çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu şäheriň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň subut edýär. Beýik ösüşlerimiziň, ýeten belent derejelerimiziň, asuda we abadan Watanymyzyň, döwletliligimiziň çeper binagärlik keşbi bolan Arkadag şäheri baky bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nusgasy bolup täze taryhy eýýamymyzyň ýalkymy bolup asyrlara ýaň salar. Döwrebap şäherleri, nusgalyk obalary gurup halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. MUHAMMET BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň başlygy

Read More

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY KÖÇE ÝOL HEREKETINIŇ BIRAÝLYGY ADAM HAKYNDAKY ALADANYŇ ÇUŇŇUR BEÝANY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan mähriban Diýarymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan islendik işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçündir!» diýen asylly pähiminden ugur alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeler, ýokary ösüşler, beýik işler eziz Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini aýdyň ýüze çykarýar. Her bir güni ýokary ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda pyýadalar we sürüjiler üçin ähli amatlyklary döredilen köp zolakly ýagty we giň awtomobil köçeleri, halkalaýyn ýollar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, ýerüstü we ýerasty pyýada geçelgeleri, döwrebap köprüler gurulýar. Munuň özi ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramaga, şeýle-de ýol hereketiniň howpsyzlygynyň üpjün edilmegine gönükdürlendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçlyklara beslenýän ulag diplomatýasynyň miwesi bolan ak ýollaryň gurulyp ulanylmaga berilmegi, olarda hereket edýän ulaglaryň sanynyň barha artmagy ýol hereketiniň howpsyzlygyny üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işleri mundan beýläkde has-da kämileşdirmek bilen birlikde sürüjilerdir pyýadalaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümüzüň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň biraýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary guramaçylyk derejesinde badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Bu biraýlyk bilen baglanşykly geçirilýän çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrünüň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hut şu nukdaýnazardan, köçe ýol hereketine bagyşlanan biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşuklaryny geçirýärler. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşuklarynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howupsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny belleýän beýleki hukuk namalary hakynda hem-de olaryň ähmiýeti barada düşündiriş işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmek boýunça, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdürlen kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we bu ugurda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar Ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalary bilen bagly şikesleriň öňüni almaga mümkünçilik berýär. Howpsyz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjylar bolan pyýadalaryň, ýolagçylaryň we sürüjüleriň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmandyr. Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge diňe bir sürüjüler borçly bolman, eýsem pyýadalar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howupsyzlygy biziň her birimize baglydyr. Merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. SYLAPBERDI BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňZähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy

Read More

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy-syýahatçylygyň Merjeni

Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň täsin tebigy künjekleri, taryhy ýadygärlikleri, özboluşly haýwanat dünýäsi bilen irki döwürlerden bäri jahankeşdeleri, alymlary özüne çekip gelýär. Ýurdumyzyň   tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň baý milli   däp-dessurlary we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýäniň syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň mart aýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda bu ugury ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan-Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherini, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherini, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurulan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Köpetdagyň ajaýyp künjeklerini, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini, Amyderýanyň kenar ýakalaryny, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerlerini, Bathyz, Repetek,            Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalarynyň ajýyplyklaryny görmäge, şeýle hem Arçman, Baýramaly, Farap, Berzeňňi, Bagabat, Mollagara we beýleki şypahanlarynda dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň gelmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ulydygyny hem-de syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hazaryň kenary ýylyň dört paslynda-da özüniň gözelligi, ajaýyplygy bilen haýran edýär. Hut şu nukdaýnazardan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. 2009-njy ýylda işe başlan bu syýahatçylyk zolagynda häzirki wagtda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň on müňden gowragyny kabul edip bilýän dürli derejeli myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, 1 380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezi, kottejler toplumlary, dynç alýanlar we syýahatçylar üçin niýetlenen seýilgähler, umumy meýdany 30 gektar bolan düzüminde suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alýanlaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrýan «Awaza» akwaparky, uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän gidrotehniki desgasy bolan «Awaza» derýasy, «Awaza» sport toplumy, ýahta klublary we beýleki desgalar gurulup ulanylmaga berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda dürli görnüşli halkara derejesindäki syýasy-medeni, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ajaýyp kenarda möhüm seneleriň biri bolan-Hazar deňziniň güniniň her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi bu syýahatçylyk zolagynyň dürli görnüşli möhüm ähmiýetli syýasy-medeni, sport çäreleriň geçirilýän iri merkezine öwrülýändiginiň şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bolsa munyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ekologiýa abadançylygynyň mekanyna öwürmäge gönükdirmek boýunça başlangyçlary, Hazarýaka döwletleriniň giň goldawyna we seslenmesine eýe bolmak bilen, bagtyýar halkymyzy buýsandyrýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin hormatly Prezidenimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde barha kämilleşdirilýär. Suwunyň düzüminde 90-a golaý minerallary özünde jemleýän Hazar deňziniň kenarynda döredilen bu zolakda diňe bir tomusky dynç alyş möwsüminde däl-de eýsem, ýylyň ähli möwsümlerinde öz wagtlaryny gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň has-da köpelmegi, durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijeleri berýändiginiň we bu syýahatçylyk zolagynda ýylyň ähli paslynda dynç almaga we saglygyňy berkitmäge mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyza döwrebap derejelerde medeniýetli dynç almaga we saglygyny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän tükmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. RÜSTEM BABAÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi minstrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyňönümçilik boýunça orunbasary

Read More

Ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişi, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri ulanmagyň düzgünleri we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary boýunça wagyz-nesihat duşuşygy

16-njy awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň, Ahal welaýat prokuraturasynyň, Ahal welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda iş meýilnamasyna laýyklykda howanyň temperaturasynyň ýokary galmagy bilen bagly, edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi has-da güýçlendirmek, işgärleriň arasynda ýangyn howpsuzlygy we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary, ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini dogry peýdalanmagyň endiklerini ösdürmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradow alyp bardy.  Möhüm ähmiýete eýe bolan wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz nesihat boýunça uly gözegçisi i/g kapitany G.Silgeldiýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 201-nji ÝHB-niň gözegçisi i/g leýtenanty P.Gydyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň JHB-niň 4-nji bölümçesiniň gözegçisi polisiýanyň maýory B.Kesäýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň wagyz nesihat boýunça gözegçisi polisiýanyň kapitany M.Kakabaýew, Ahal welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory 1-nji derejeli ýurist A.Sähedow, Ahal welaýat häkimliginiň wekili Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty R.Işanmyradow, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny, Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläkde berkemegi, halkara abraýynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, iri senagat kärhanalarynyň yzygiderli gurulup ulanylmaga berilýändigini, eşretli zamanamyzyň ajaýyp binadyr desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy bolsa, biziň her birimize baglydygyny bellemek bilen, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hemişe uly aladalaryň edilýändigini we toplumlaýyn çäreleriň işlenilip taýýarlanylýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bina edilýän desgalaryň iň häzirki zaman tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işine uly üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini yzgiderli döwrebaplaşdyrmaga, bu ulgamda ylymyň we tehnologiki usullarynyň iň soňky gazananlarynyň, dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň bu ugurdaky tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri alyp barmak bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen edara-kärhanalarda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän her bir işgäriň ýangyn howpsuzlygyň kesgitlenen düzgünlerini we gözükdirmelerini anyk bilmekleriniň hem-de ony berk berjaý etmekleriniň, hemişe öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriji enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmekleriniň, edaradyr-kärhanalaryň her bir işgäriniň, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny, ýangyn söndüriji enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygyny ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgüni bozuja haýal etmän duýdurmaga borçludygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler önümçilik senagat kärhanalaryna täze işe kabul edilen işgärleriň, şonuň ýaly-da tejribelik geçmek üçin ýa-da wagtlaýyn işe gelýän işgärler, şol sanda inžener-tehniki işgärler bilen ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirmeleriň kärhananyň ýangyn howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilmeginiň, geçirilýän gözükdirmelerde kärhananyň çäginde, önümçilik senagat kärhanalarynyň önümçiliklerinde ýerine ýetirmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyrylmagynyň, bar bolan serişdeleri, ýangyn barada habar bermek hem-de söndürmek ulgamlary, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň doly düşündirilmeginiň, ýangyn dörän ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketleriň doly tanyşdyrylmagynyň, şol sanda işçileri ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okatmak ýa-da gözükdirme işlerini geçirmeklik üçin ýörite görkezme esbaplaryndan, kino filmlerden, slaýdfilmlerden peýdalanmaklygyň, ilkinji  ýangyn  söndüriji  serişdelerini  peýdalanmagyň  usullaryny  görkezmekligiň düşünjeleri giňeltmäge uly ýardam edýändigini belläp geçdiler.  Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň  1-30-njy sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň golaýlap gelýändigini, bu jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýeti we ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlyga taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň asuda, abadan we howpsuz durmuşyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrlyşy

28-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň     hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beýik üstünliklere beslenýändigini, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýandygyny, ähli ulgamlarda beýik ösüşleriň gazanylýandygyny we belent sepgitlere ýetilýändigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da pugtalanýandygyny, merdana halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bilen, uly üstünliklere beslenip dowam edýän 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Liderine ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmenistanlylara mynasyp sowgat boljakdygyny belländigini uly buýsanç bilen aýytdylar. Magtymguly Pyragy Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biri bolmak bilen ol türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujysydyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Pyragynyň döredijilik we filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolmak bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary dünýä edebiýatynda baky orun aldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde  ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilen bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegini, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde aýratyn orun eýeleýändigini tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren başlangyçlary, çuňňur manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine düýpli täsir edýär. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir.  Magtymguly Pyragynyň pikir-garaýyşlary, taglymaty türki dilli halklaryň nakyllary we atalar sözleri, şahyrlarynyň goşgulary bilen baglanyşýar. Bu barada Azerbaýjandan, Owganystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan,    BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini, ugurdaş hünärmenlerini    hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edenler hem buýsanç bilen belläp geçdiler diýip dabarada çykyş edenler aýytdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bolsa taryhy ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy wakalarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen akyldary hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňden öwrenilýar. Bu täze neşir «Magtymguly» atly kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitabyň sözsoňunda akyldaryň ömürini we döredijiligine öwrenmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bitiren işleri barada giňden beýan edilýär. Kitapda rus diplomatiýasynda işlän polýak ýazyjysy A.Hodzko-Boreýkonyň, belli gündogarşynas, akademik A.N.Samoýlowiçiň, gündogarşynaslar I.N.Bereziniň, A.Wamberiniň, F.Bakuliniň we türkmen alymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy D.Nuralyýewiň, akademik B.A.Garryýewiň, professor M.Kösäýewiň hem-de beýleki alymlaryň atlary we bitiren uly hyzmatlary we olaryň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Bu kitap giň okajylar köpçüligini easanda Magtymguly Pyragy onuň goşgulary ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýanlar, şunuň bilen bagly ylmy işleri alyp barýanlar üçin uly gollanma kitaby bolar. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halky üçin beýik dana, bütin adamzat paýhasyny edebi döredijiligine sygdyryp bilen Magtymguly Pyragyny öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkdagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlary aýytdylar. HOJANEPES ORAZOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňsanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More