08 Ýan, 2026
Posted inTÄZELIKLER

2026-NJY ÝYLYŇ «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

         8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.           Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy - baş tehnolog O.Annadurdyýewdagylar çykyş etdiler.           Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mähriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünliklere besläp uly zähmet ýeňişlerine besläp, täze 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylyna ýagşy arzuw umytlar bilen gadam basandygyny, şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine giň gerim bilen badalga berilendigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyly döwrebap at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigini, bu asylly başlangyjyň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini, bu başlangyjyň mähriban raýatlarymyzyň, aýratyn hem bagtyýar ýaşalaryň Watançylyk ruhyny has-da beýgeldip, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny, her bir ýylyň döwrebap atlar bilen atlandyrylmagy özygtyýarly Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejesinde giňden wagyz etmäge we şöhlelendirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.» diýmek bilen şanly ýylymyza öz boluşly başlangyç bermeginiň, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bedew atlary bilen berk baglanşyklydygyny ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi diýip uly buýsanç bilen bellediler.           Gadymy türkmen halylarymyz, nepis türkmen şaý-seplerimiz, alabaý itlerimiz ýaly Ahalteke bedewi hem merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, maddy medeni mirasyň kämilleşdirilen ajaýyp nusgasy bolmak bilen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muny diňe bir türkmen halky däl eýsem-de, bütindünýä ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatynyň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn uly ünsüň berilmegi, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylmagy, bu ugurda işlejek ussat ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak boýunça tagallalaryň edilmegi behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny we arassa ganlylygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen ýyndamlygy, owadanlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýan türkmen bedewleriniň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bolsa daşary döwletlerdäki atçylyk assosiasiýalary, ylmy-barlag institutlary we beýeki abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly işjeňleşdirilýär. Ştab kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy, sebitiň iň häzirki zaman «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy atçylygy halkara derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda giň gerimli işlere badalga berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde atçylyk pudagynda öňdebaryjy atçylyk merkezleri bilen bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, tohumçylyk pudagynda tejribeler alşylyp, türkmen bedewiniň genofondyny gorap saklamak boýunça işler alnyp baryldy we bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda has-da rowaçlanar.           Ahalteke bedewlerimiziň ýer ýüzündäki at-abaraýyny belende göterilmeginde, milli atşynaslyk däplerimiziň gaýatadan dikeldilmeginde, türkmen ýaşlarynyň durmuş uniwersitetine öwrülen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýratyn hyzmatlary amala aşyrdy. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi, bu toparyň dürli ýyllarda birnäçe halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy has-da guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. Atçylyk pudagynda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň döredilendigini hem bellemek gerek.           Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. MAKSAT GURBANGULYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeri

29 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

2026-NJY ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝIP YGLAN EDILDI

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.          Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.          Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.          Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.          Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.          Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:          2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli. Türkmenistanyň Mejlisiniň BaşlygyD.GULMANOWA. Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.

22 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünliklere beslenmegi hem-de täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» tele ýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowadagylar gatnaşdy.         Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, amala aşyrylan dünýä nusgalyk işleri, ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleri we olaryň ähmiýetini şöhlelendirýän buýsançly gürrüňler, şeýle hem bosagada duran täze 2026-njy ýyl baradaky ýagşy awzuwlar beýan edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

20 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» bagyşlanan ýubileý sylaglarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi

20-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde döwlet sylaglarynyň gowşurylyş çäreleri ýokary derejede guraldy. Bu dabaralar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni, ylym we döwlet dolandyryş ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň bitaraplyk ýörelgelerine goşan goşandyny ykrar etmek maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň binasynda hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaralarda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Sylag alanlaryň hatarynda döwlet işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet we ylym işgärleri, şeýle-de durmuş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bar. Olaryň bitaraplyk ýörelgelerini berkitmekde, parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigi we onuň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Bu syýasat halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçirilen dabaralar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde guralan çäreleriň möhüm bölegi boldy.

15 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

        15-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.          Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy - baş tehnolog O.Annadurdyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki hwopsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarowdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň öňe barýandygyny we gülläp-ösýändigini, täze belent sepgitlere ýetilýändigini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýändigi barada buýsanç bilen bellenilip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän toýly günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň has-da begendiriji taryhy wakalaryň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Bu ajaýyp kitap ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dost-doganlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3 gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýändigi barada çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler.              Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň geçen taryhy 30 ýylynyň dowamynda amala aşyrylan we ýetilen belent sepgitlerini anyk delilleriň hem-de maglumatlaryň üsti bilen giňden beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bu ugurda amala aşyrylýan işleri halkara derejesinde bütin dünýä şöhlelendirmekde ajaýyp gollanmadyr. Bu kitap 11 bölümden ybarat bolup, kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilmegi halkara jemgyýetçiligini, şeýle hem ýurdumyz bilen gyzyklanýan ähli adamlary Bitaraplyk ýyllary içinde gazanan we gazanýan üstünliklerimiz bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kitapda dürli fotosutalaryň ýerleşdirilmegi kitabyň çeperçilik taýdan has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.          Hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine we bu gazna tarapyndan amala aşyrylýan beýik işler, ýurdumyzda merdana ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň täze taryhy eýýamda barha rowaçlanýandygyny şöhlelendirmek bilen, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bölümde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine halkara derejesinde ýokary baha berilýändigi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigi, gaznanyň döredilmeginiň bolsa, Türkmenistanda çuňňur logiki we oýlanşykly ädim bolandygy hem-de Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmasyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly gürrüňler edilýär. Şeýle hem täze kitapda ýurdumyzyň ÝUNISEF, ÝUNESKO bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy, kabul edilen milli maksatnamalar we strategiýalar, ylym-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, medeni we resmi mirasy goramak ýaly taslamalara işjeň gatnaşmak hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň türkmen nusgasynyň esasy aýratynlyklary giňden beýan edilýär.              Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan energetika ulgamynyň ösüşi we bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar, olaryň ähmiýeti, ekologiýa ugry, sebit we sebitara gatnaşyklar, nebitgaz pudagy, himiýa senagaty, awtomobil ýollary, ýolagçy we ýük daşamak boýunça amala aşyrylýan işler, gurluşyk we senagat toplumy hem bu kitapda giňden beýan edilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we ykdysady strategiýasy» atly bölüminde şeýle diýýär: «Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär.». Hakykatdan hem, ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmeleri täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Täze kitapda hormatly Prezidentimiziň şu ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynyň ulanylmaga berilendigini, bu desgalaryň işe girizilmeginiň täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigi barada aýdylýar.              Bu ajaýyp kitapda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda neşir edilen bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp kitaplaryndan mysallary, milli buýsanjymyz bolan türkmen halysy, ahalteke bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, alabaý itlerimiz hakynda maglumatlary, geçmişde türkmen halkynyň döreden Altyndepe, Parfiýa, Margiana, Ürgenç ýaly gadymy türkmen döwletlerimiz, türkmen halk döredijiligine degişli bolan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarymyz, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiz hakynda buýsançly we çuňňur mana eýe bolan giň pelsepewi gürrüňleri anyk mysallaryň üsti bilen beýan edýär.              Kitapda özygtyýarly döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň abraýly düzüm birlikleri bilen ýola goýulan hyzmatdaşlyk we onuň çäklerinde amala aşyrylan işler, kabul edilen Kararnamalar baradaky buýsançly gürrüňler bolsa, Bitarap Watanymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar diýip çykyşlarda bellenildi.          Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. AMANGELDI DURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň orunbasary

05 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gurnamagynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.         Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ý.Mawsumowadagylar çykyş etdiler.         Dabarada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» folklor etnografiýa aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.         Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemleri boýunça işgärleriň arasynda 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, 3-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýewdagylar mynasyp boldy. Bäsleşigiň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň arasyndaky ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mary «Demirbetonönümleri» kärhanalary mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigi guraýjylaryň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.         Dabara gatnaşyjylar we bäsleşikde ýeňiji bolanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

05 Dek, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASY «ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJISI BOLDY

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginde I orna mynasyp boldy.         Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerini amal etmekde möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

19 Noý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

        19-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň gurnamagynda zyýanly ýa-da howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän işgärleri hökmany, deslapky, döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirmegiň tertibi boýunça umumy düşünje bermek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Okuw maslahatynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arassaçylyk gigiýenasy bölüminiň zähmet gigiýenasy bölümçesiniň sanitar lukmany G.Garryýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, ilatymyzyň saglygyny goramak ugrunda ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi, şeýle hem kärhanalarda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna işgärleriň zähmet şertnamasy baglaşylanda deslapky we işiň barşynda döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini guramak boýunça borçlary, şunuň bilen baglylykda işgärleriň hukuklary barada umumy düşünjeler berildi.         Şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi kärhanalarda işgärleriň zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda işlemeklerini gazanmakda, olaryň jan-saglygyny gorap saklamakda, hünär keselleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. SYLAPBERDI BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy

12 Noý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«RAÝAT GORANYŞY WE DÜRLI GÖRNÜŞLI ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA ÖZÜŇI GORAMAGYŇ TERTIBI» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

        12-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň guramagynda «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramagyň tertibi» boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri kapitan A.Ýaňyýew we «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni K.Baýramnurowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň tertibi» boýunça, şeýle hem himiýa, radiasiýa, bakteriologiýa we biologiýa bilen bagly işlerde zähmeti goramak we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünleri, zäherleýji maddalar olaryň häsiýetnamalary we tebigy hadysalar boýunça giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.         Şeýle wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi adamlaryň jan saglygyny we daşky gurşawy gorap saklamakda, ilatymyzyň raýat goranyşy babatyndaky hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmakda, tehnogen häsiýetli howply ýagdaýlarda, weýrançylyklarda, howply tebigy hadysalarda ýerine ýetirilmeli çäreler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. KEREMNUR BAÝRAMNUROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni

03 Noý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN GYMMAT BAHALY SOWGATLAR WE HORMAT HATLARY BILEN SYLAGLANDYLAR

        3-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mejlisler jaýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni Y.Hydyrow, Elektro polat erediji sehiniň elektropeçlerde polat eredijisi K.Myratgulyýew, Hil sozma sehiniň gyzgyn sozujy stanoklarynyň post dolandyryş operatory M.Saparmuhammedow, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň el bilen kebşirleýjide elektro kebşirleýjisi A.Gullyýew we «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi D.Gylyjowdagylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.         Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, işgärleriň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetlerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

03 Noý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

AWAZA MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA «TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, SENAGAT, HIMIÝA, ENERGETIKA PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY HALKARA SERGISI WE MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

3-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guraýan giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze döwrüne gadam basdy. Gurluşyk-senagat toplumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly senagatlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap, ýokary tehnologiýaly infrastrukturany döretmek babatda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Täze ýaşaýyş toplumlary, senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly desgalar, halkara ulag-logistika merkezleri gurulýar. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, durnukly ösüş ýörelgelerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri bu giň möçberli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.         Täze sement zawodlarynyň, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, aýna we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleriň gurulmagy Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklary esasy serişdeler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna daýanmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazyň baý gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen himiýa senagaty okgunly ösdürilýär. Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär. Bu strategiýa ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy bilen bir hatarda, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara bazarlaryndaky ornuny hem pugtalandyrýar.         Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşi netijeli halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan işewürlik hem-de maýa goýumlar üçin amatly şertleri döredip, olaryň hukuk goraglylygyny kepillendirýär. Dünýäniň iri kompaniýalary türkmen bazaryna strategik taýdan ähmiýetli we geljegi uly meýdança hökmünde garaýarlar.         Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň özboluşly dizaýnly diwarlyklary ýerleşdirilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň sergi bölümi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Sergi diwarlygynda ýurdumyzyň «ýaşyl» gurluşyk ulgamynda ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.         «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň diwarlygynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlar tanyşdyrylýar. Eksportyň binýady hökmünde gazhimiýa pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň pawilýonynda döwrebap, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, milli we sebit ähmiýetli ulag-ýol infrastrukturasyny gurmak boýunça taslamalar ýerleşdirilipdir. Energetika ministrliginiň sergi bölüminde innowasiýalar we tehnologiýalar, hususan-da, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, şol sanda Gün, ýel energiýasyny milli energetika ulgamyna ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri beýanyny tapýar.         Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynda durnukly ösüşe ugrukdyrylýan maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi» atly plenar mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.         Halkara forumyň plenar mejlisiniň ahyrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gazanýan üstünlikleriniň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň, dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Arkadag şäheriniň halkara derejeli köp sanly sylaglara mynasyp bolmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.         Günüň ikinji ýarymynda maslahat «Ýaşyl» energetika geçmegiň ähmiýeti we himiýa senagatynyň ösüşiniň täze ugurlary» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Bu ugur Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.          Çykyşlarda “ýaşyl” energetikanyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän peýdaly täsirleri barada durlup geçildi. Bu pudak täze iş orunlaryny döretmäge, gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerine garaşlylygy azaltmaga, innowasiýalary ösdürmäge, olary ornaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak ýaly başlangyçlaryň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy. Mejlisiň dowamynda ýokary netijeli we howpsuz oba hojalyk dökünlerini öndürmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde himiýa senagatynyň wajyp orny ara alnyp maslahatlaşyldy.         Mejlis halkara bilermenler, öňdebaryjy korporasiýalaryň wekilleri bilen pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. «Sumitomo Corporation Central Eurasia LLC», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň energetika hem-de himiýa senagaty pudaklaryna daşky gurşawa zyňyndylary azaltmaga gönükdirilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. «S&P Global Platts», «Fertecon» ýaly öňdebaryjy agentlikleriň bilermenleri minerallaryň, dökünleriň we ammiagyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy barada seljerme maglumatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlary Türkmenistanyň bu bazarlardaky strategik ornuny, himiýa senagatyndaky ýokary mümkinçiliklerini tassyklady.         «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň ilkinji güni B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen tamamlandy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.         Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «KHD Humboldt Wedag International AG» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Zippe Industrieanlagen GmbH» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «WUHUAN Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «China CAMC Engineering  Dowam et »

16 Okt, 2025
Posted inTÄZELIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZA «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ARHITEKTORY» DIÝEN HORMATLY ADYŇ DAKYLMAGYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

         16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýew alyp bardy.          Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gurluşyk-abatlaýyş meýdançasynyň başlygy B.Rejepowdagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýandygyny, gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanşyklydygyny belläp, 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babat-da ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňde baryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagynyň şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri bolup, tutuş halkymyzda buýsanç duýgularyny goşalandyrandygyny bellediler.          Binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzda binagärligi ösdürmekde, häzirki zaman has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny bina etmekde, raýat, saglygy goraýyş, senagat we oba binagärlik toplumlaryny döretmekde hormatly Prezidentimiziň bitiren we häzirki döwürde alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we onuň işini netijeli utgaşdyrmakda möhüm Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda bimöçber işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen döwrebap Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda saglygy goraýyşy halkara ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek, pudaga innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralaryny gurmak işlerine hem aýratyn üns berilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça binalar toplumy, şeýle hem Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirmek bilen, binagärlik babatda ýokary ölçegleriň üpjün edilmegi hem-de milli binagärlik äheňlerine we nusgalaryna laýyk getirilmegi netijesinde, bu binalar paýtagtymyzyň we gurulýan ýerine ajaýyp gözellik paýlar.              Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerinde bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri, binagärlik, bezeg we beýleki zerur bolan ugurlara aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän toýly günlerinde Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda açylyp ulanylmaga berilen köpsanly desgalar munuň aýdyň subutnmasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geljekki nesillere baky miras galjak, döwrebap, täsin inženerçilik çözgütlerini özünde jemleýän, dürli maksatly kaşaň binalar, döwrebap obalar we şäherler bagtyýar halkymyzyň isleglerine we bähbitlerine gönükdirilýär.          Gözbaşyny gadymýetiň gatlaryndan alyp gaýdýan milli türkmen binagärlik sungaty häzirki günlerimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has-da kämilleşdirilip, gözellik we oňaýlylygyň utgaşmasy bolup bütin dünýä ýaň salýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bina edilen täsin we haýran galdyryjy binalar bagtyýar raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň tutuşlugyna we bina edilen birnäçe ajaýyp binalaryň Ginnesiň bütin dünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.              Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taslama we binägärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlary bu işlere giňden çekmek, bu ugurda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ýaly ugurlara hem aýartyn üns berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli oýlanşykly syýasatynyň aýdyň beýany bolmak bilen, iri möhüm gurluşyk taslamalarynyň aglaba böleginiň ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa bu işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.          Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ulgama sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli gurluşyk ulgamynyň işiniň barha rowaçlanmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, häzirki wagtda meýilleşdirilýän gurluşyk desgalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamakda, gurluşygyň düýpli görkezijilerini takyk hasaplamakda, deslapky taslama-çenlik hasaplamalaryny alyp barmakda degişli resminamalary taýýarlamakda, gurluşyk işlerini maliýeleşdirmek we meýilleşdirmek, gerekli maglumatlary iş ýüzünde peýdalanmak ýaly iş amallary dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyryldy. Bu işleri talabalaýyk alyp barmak boýunça ýörite kompýuter programmalary, elektron binýatlar we serwerler ornaşdyryldy. Netijede bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, berk binýatly, häzirki zaman, milli we daşary ýurt binagärlik äheňleriniň iň kämil nusgalaryny özünde jemleýän kaşaň binalar gurulýar. Şeýle işleriň yzygiderli tapgyrlaýyn esasda alnyp barylmagy bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gurýan döwlet – gurply döwletdir!» diýen ajaýyp jümlesiniň dabaralanmasy bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary göterilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.              Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, eziz diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň rowçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň  Dowam et »

06 Okt, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «HALK HAKYDASY» ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝMAK HATYRA ÇÄRESINE GATNAŞDYLAR

         6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Hatyra gününde Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdylar.          Asyrlaryň jümmişinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýan şeýle çäreleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilmegi, öten-geçenlerimizi ýatlamakda, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylyklarda pida bolanlary hatyralamakda, ýaşlarymyzy täze taryhy eýýamda Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. RÜSTEM BABAÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary

03 Okt, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMEN SENAGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA» ATLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

         3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylyp yzygiderli ýaýlyma berilýän «Türkmen senagaty ösüş ýolunda» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň Barlaghanasynyň hünärmeni Ý.Reýimbaýew, Aýna kesiji operatory K.Balgulyýewdagylar gatnaşdylar.          Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylan ýurdumyzyň senagat taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrülen bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynyň işine badalga berilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan hem-de «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda alnyp barylýan giň gerimli işler hakynda täsirli gürrüňler edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

30 Sen, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMEN SENAGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA» ATLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

         30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylyp yzygiderli ýaýlyma berilýän «Türkmen senagaty ösüş ýolunda» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarow, Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowa hem-de Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradowdagylar gatnaşdy.          Gepleşigiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça başyny başlan özgertmeleriniň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda alnyp barylýan giň gerimli işler hakynda täsirli gürrüňler edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

26 Sen, 2025
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMENISTANYŇ MUKADDES GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI ÝADYGÄRLIK SOWGATLARY WE HORMAT HATLARY BILEN SYLAGLANDYLAR

         26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň öňdebaryjy işgärleri Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.          Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

19 Sen, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISINE GATNAŞDYLAR

         19-ny sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda geçirilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdylar.          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle sergileriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mümkinçiliklerini, özygtyýarly Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy

03 Sen, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy K.Saparow alyp bardy.          Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowadagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp-ösýändigini, täze belent sepgitlere ýetilýändigini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny buýsanç bilen belläp, binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýändigini, şeýle ýörelgeleriň biriniň ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly köçe ýol hereketine bagyşlanan biraýlygyň geçirilmegidir diýip belläp, bu çäräniň her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralgynda ýurdumyzda ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilýändigini, bu möhüm köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan jemgyýetçilik çäresiniň dowamynda maslahatlaryň geçirilmeginiň, teleýaýlymlarda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly gysga metražly filmleriň görkezilmeginiň, lukmanlaryň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýaynyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagy, metbugat sahypalarynda makalalaryň yzygiderli çap edilmeginiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny wagyz edýän dürli neşirleriň raýatlarymyza ýaýradylmagynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagynyň bir aýlygyň çäreleriniň geriminiň örän giňdigini görkezýär diýip çykyşlarda nygtaldy.              Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işler guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň, sanly tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Häziriki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, ýollarda bökdençsiz hereketi ýola goýmakda, raýatlaryň rahat gelim-gidimi üçin paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de beýleki şäherdir etraplarda döwrebap    ýol-ulag infrastrukturasyny döretmekde sazlaşykly işler amala aşyrylar. Ýollar abadanlaşdyrylyp, gijelerine daş-töweregi gündiziň güni ýaly ýagtylandyrýan çyralar, günüň islendik çagynda sürüji hem-de pyýada üçin anyk görünýän ýol belgileri hem goýulýar. Ýollaryň çatryklarynda sowma ýollar, köprüler, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeler gurulýär, ýanýodalar we ýaşyl zolaklar döredilýär.              Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilmeginiň ähmiýeti barada çykyşlarda bellenilip geçildi we bu Kanunyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm hukuk namasyna öwrülendigini aýytdylar.              Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik tagallaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň mundan beýläkde uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnology

22 Awg, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «KIDS EXPO: HEMME ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ATLY HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNA GATNAŞDYLAR

         22-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda geçirilýän «Kids expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar.          Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hem-de hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda nurana geljegmiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalarymyz üçin döredileýän ähli mümkinçilikleri açyp görkezýän halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi, Garaşsyz Watanymyzyň çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigini ýene bir gezek bütin dünýä subut etdi. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňIşgärler bölüminiň başlygy

01 Awg, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«AWAZADAN UZAÝAN DOSTLUKLY ÝOLLAR» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

         1-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «Awazadan uzaýan dostlukly ýollar»ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri N.Seýitmyradow alyp bardy.          Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýewdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründeHalkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndahormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir gününiň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy hem-de şatlykly wakalara beslenýändigini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek bilen bagly Kararnamany kabul etmeginiň, bu resminamanyň awtordaşy bolup dünýäniň 57 döwletiniň çykyş etmeginiň has-da guwandyryjy waka bolandygyny belläp, çykyş edenler 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmeginiň halkara forumynyň ähmiýetiniň ulydygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Bu halkara forumyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, şol taýýarlyk işlerine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gözegçilik etmeginiň, geçiriljek forumyň halkara ähmiýetiniň uludygynyň alamaty bolmak bilen, bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýär diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.              Täze taryhy eýýamymyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu forumyň Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilmegi, Bitarap ýurdumyzyň şanyna-şan goşmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde maslahatyň resmi saýtynyň döredilmegi, halkara forumynyň çärelerini beýan etmekde ýörite döredilen maglumat çeşmesi bolup hymzat etmek bilen, çäräniň maksatnamalary baradaky wajyp maglumatlary, şeýle hem LLDС3 sergisi we ugurdaş wakalar bilen bagly soraglara jogap berer.          Halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreler hem-de işewürlik, medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet günlerini, plenar mejlisleri, ýokary derejeli bäş sany mowzuklaýyn «tegelek stol» we ýedi sany ýokary derejeli forumlary, olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny we aragatnaşyk boýunça çäreleri, şeýle hem gatnaşyjy döwletler, halkara guramalar we türkmen tarapy tarapyndan birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly mowzuklara bagyşlanar. Maslahatyň çäginde geçiriljek çärelere 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, olaryň hökümetleriniň, şeýle hem BMG agza döwletleriň wekilleriniň, Guramanyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar.          «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmekde, ykdysady ösüşi höweslendirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde täze strategiýalary işläp düzmäge kömek eder diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp, Deňizden uzakda, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldaýan bu maslahat halkara ähmiýetini nygtap, forumyň dowamynda ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmeginiň, ýaşlara dünýä liderlerine öz garaýyşlaryny ýetirmek üçin mümkinçilik döretýändigini, halkara forumyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny we bu işler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzyiderli gözegçilikde saklanylýandygyny bellediler.          BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Bu resminamanyň awtordaşy bolup dünýäniň 57 döwletiniň çykyş etmegi bolsa has-da guwandyryjydyr. 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmegi bolsa bu halkara forumynyň ähmiýetiniň ulydygynyň aýdyň subutnamasydyr.       Halkara forumynyň geçirilýän günlerinde myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanylmagynyň, şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi, köçeleriň ugrunda we döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr şekilleriň döwrebap görnüşde bolmagy, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleriň döredilmegi, olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemeginiň, ulag üpjünçiliginiň we awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy ýaly zerur meseleleriň öz wagtynda çözülmegi, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şeýle halkara derejeli forumlary yzygiderli geçirmekde baý tejribeleri toplandygyny görkezýär.          Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkyny ýagty gelejege sary ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

24 Iýl, 2025
Posted inTÄZELIKLER

BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇINJI MASLAHATYNA BAGYŞLANAN GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

24-nji iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynyň başyna geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçinji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, bu maslahatyň ähmiýetine bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri N.Seýitmyradow gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçiriljek halkara ähmiýetli maslahatyň geçirilmeginiň täze çözgütleri tapmakda, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmekde, Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmekde, şeýle hem täze mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

02 Iýn, 2025
Posted inTÄZELIKLER

ÇAGALAR DYNÇ ALYŞ WE SAGALDYŞ MERKEZLERINDE ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI BAŞLANDY

2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň dag eteklerindäki Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli joşgunly aýdymlara, şowhunly tanslara, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlaryna giň gerim berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärleriniň çagalary ajaýyp jülgedäki «Çynar» we «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Ahal» sagaldyş we dynç alyş merkezinde üç tapgyrda dynç alarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watana wepaly, il halar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky edilýän tagallalar ýurdumyzyň mundan beýläkde durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrülen Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

25 Maý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN GYMMAT BAHALY SOWGATLAR WE HORMAT HATLARY BILEN SYLAGLANDYLAR

25-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň elektro peçlerde gol astynda polat gaýnadyjysy Godorow Öwezberdi Garajaýewiç we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça sehiniň metal böleklerini we galyndylaryny sortlaýjy-ýygnaýjysy Orazgulyýew Begençmyrat Begmyradowiçdagylar Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli syýastyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek we pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda mundan beýläkde has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

24 Maý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XXIV KÖPUGURLY HALKARA SERGISINE GATNAŞDYLAR

24-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisine gatnaşdylar. Şeýle iri möçberli forumlaryň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň arasynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat şäherini mundan beýläkde ösdürmek boýunça başy başlanan beýik işleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýändigini bütin dünýä açyp görkezmek bilen, bu halkara sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda gazananlaryny, jemgyýetçilik, ykdysady, ylym-bilim, medeni üstünliklerini açyp gökezmekde uly ähmiýete eýedir. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy

09 Maý, 2025
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINIŇ TALYPLARYNYŇ GÖÇME OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

9-njy maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň özleriniň halypa professor mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, olaryň aýratynlyklary, öndürilýän önümler barada giňişleýin maglumat berildi. Göçme okuw sapagy Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary bilimli, hemmetaraplaýyn kämil türkmen ýaşlaryny kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

30 Apr, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «HALKARA SÖWDA WE HYZMATLAR» ATLY SERGI-ÝARMARKASYNA GATNAŞDYLAR

30-njy aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 29-njy apreli 1-nji maýy aralygynda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar. Şeýle iri möçberli forumlaryň yzygiderli geçirilmegi önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy

29 Apr, 2025
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYPLARYNYŇ GÖÇME OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

29-njy aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň özleriniň halypa professor mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, olaryň aýratynlyklary, öndürilýän önümler barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary bilimli, hemmetaraplaýyn kämil türkmen ýaşlaryny kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

14 Mar, 2025
Posted inTÄZELIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GATNAŞMAGYNDA «BÄHERDEN» KERAMIKI ÖNÜMLER KÄRHANASYNYŇ DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLMAGY MYNASYBETLI WE MILLI BAHAR BAÝRAMY – HALKARA NOWRUZ GÜNINE BAGYŞLANAN GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

         14-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy mynasybetli we Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradow gatnaşdy.          Gepleşigiň dowamynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylmagynyň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan senagat özgertleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi şeýle hem ata-babalarymyzdan miras alan türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy – Halkara Nowuz güni hakynda täsirli gürrüňler edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

04 Mar, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNDA 8-NJI MART HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

         4-nji martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gurnamagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.          Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň baş hünärmeni G.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň Merkezi barlaghana we hil gözegçilik bölüminiň laborant barlagçysy O.Begenjowa, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ý.Mawsumowadagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir gününiň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy hem-de şatlykly wakalara beslenýändigini, şeýle wakalaryň biriniň hem Bahar paslynyň ilkinji günlerinde tebigata jan girip ynsan göwnüni galkyndyrýan günlerinde bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar günidigini buýsanç bilen bellediler.              Türkmen halky öz gelin-gyzlarynyň sarpasyny elmydama belentde saklap, ony ar-namysyna deňäp elmyda zenanlary sarpalan merdana halkdyr. Bu ýörelge täze taryhy eýýamymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenlerde ýaş nesli terbiýelemekde, ýaşlara halallyk, zähmet söýerlik, il-halka wepalylyk ýaly belent adamkärçilik terbiýesini bermekde, watansöýjüligi has-da artdyrmakda türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraý mertebesini ýokarlandyrmakda zenanlarymyzyň paýy uludyr. Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak arkaly türkmen zenanlary bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem, dünýäniň beýleki abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alyp, ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim, senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynyň edaralarynda netijeli zähmet çekýärler.              Türkmen zenanlary sport ulgamynda hem netijelilik görkezip, dünýä derejeli, ýerli, halkara we olimpiýa oýunlarynda çykyş edip uly üstünlik gazanmak bilen watanymyzyň halkara sport abraýyny pugtalandyrýarlar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapyp sungat derejesine ýetirilen ajaýyp halylarymyz, keşdelerimiz bolsa milli buýsanjymyza öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň hukuklary we azatlyklary has kämil hukuknamalary bilen berkidildi we bu ulgamy has-da döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen dünýäniň iň abraýly guramalary şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri bilen ysnyşykly işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz köp çagaly maşgalalary goldamak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek boýunça beýik başlangyjy öňe sürmek bilen, sekiz we ondan hem köp çagany kemala getiren hem-de olary mynasyp terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Ene Mähri» diýen hormatly at dakylýar, şeýle hem olara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek, durmuş ýeňilliklerini döretmek ýaly asylly başlangyçlary öňe sürdi, bu ýörelge häzirki wagtda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly däp bolup galdy. Her ýyl Hlakara zenenlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda Türkmenistanly zenanlara pul sowgatlarynyň berilmegi bolsa zenanlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr.              Dabaranyň dowamynda Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň Hasabat bölüminiň baş buhgalteri O.Abakumowa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň tam süpürijisi O.Suhanowa, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy A.Hanmämmedowadagylar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ulgamynda göreldeli zähmet çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ösüşlerine we ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, Türkmenistan döwletimiziň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine mynasyp goşant goşandyklary nazara alynyp, olaryň çekýän zähmetini dabaralandyrmak, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary hem dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.          Dabarada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» folklor etnografik aýdym-saz, tans toparynyň ene mukaddesligini, Garaşsyz, hemişelik Watnymyzy, hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna we tanslaryna giň orun berildi.          Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy we «Türkmensitan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

22 Few, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENI AWAZADA GEÇIRILEN «BITARAP DÖWLETDE ÝURDUM PARAHAT, MIWESINI BERÝÄR GORALÝAN ZÄHMET» ATLY USULY OKUW-MASLAHATYNA GATNAŞDY

         17-22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça), kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy N.Seýitmyradow Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan Awazadaky «Daýanç» sagaldyş dynç-alyş merkezinde geçirilen «Bitarap döwletde ýurdum parahat, miwesini berýär goralýan zähmet atly» usuly okuw-maslahatyna we Geňeşiň göçme mejlisine gatnaşdy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen   has-da ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen usuly  okuw-maslahatynyň we Geňeşiň göçme mejlisiniň çäklerinde dürli ugurly maslahatlar, kärdeşler arkalaşyklarynyň işini mundan beýläkde kämilleşdirmek boýunça duşuşuklar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gyzykly gezelençler, dürli sport çäreleri geçirildi. Usuly okuw-maslahatynyň we Geňeşiň göçme mejlisiniň geçirilýän günlerinde bu okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň ýazga geçirmeginde ýörite gepleşikler ýazgy edildi.          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini talaba laýyk guramakda möhüm ähmiýete eýedir. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

31 Ýan, 2025
Posted inTÄZELIKLER

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ    MONTE-KARLO ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SIRK SUNGATY FESTIWALYNDA BAŞ BAÝRAGA HEM-DE ÝÖRITE BAÝRAKLARA MYNASYP BOLMAGY MYNASYBETLI GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

         31-nji ýanwar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradow gatnaşdy.          Gepleşigiň dowamynda binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döreden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli sirk sungatymyzy ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem behişdi bedewlerimiz hakynda täsirli gürrüňler edildi. HOJANEPES ORAZOW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

13 Ýan, 2025
Posted inTÄZELIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

         13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy O.Annadurdyýew alyp bardy.          Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýewdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýyllarymyz özüniň taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýandygyny, türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny milli we halkara derejesinde dabaralandyrmak maksady bilen yglan edilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şanly wakalara baý ýyllaryň biriniň bolandygyny, şeýle taryhy wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öň ýanynda tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagynyň, tamamlanan ýyly many taýdan has-da baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, beýik söz ussadyna, onuň döredijiligine goýulan hormaty we sylagy beýgeltmek bilen, şahyryň döredijiligini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly gymmatly hazynadygyny uly buýsanç bilen bellediler.              Kitap Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgysy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp çuňňur mana eýe bolan goşgulary bilen başlanýar. Munuň bolsa, nesilleriň we eýýamlaryň, öz döwüriniň ussatlarynyň arabaglanşygynyň dowamata dowam bolmagy hökmünde garamak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» we «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly sekiz sany bölümlerden ybarat bolup, kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap edilip neşir edildi.          Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserleri ýaş-nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň täze «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly bölüminde şeýle diýýar: «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýetine eýedir» diýip, Magtymgulynyň döredijiliginiň köpöwüşgünliligine ünsi çekipdim» diýip belleýär. Hakykatdan hem ylymyň we tehnologiýanyň, sanly tehnologiýalaryň güýçli depginlerde ösýän döwründe, özüniň gadyr-gymmatyny, manysyny ýitirmeýän, çuňňur terbiýeleýjilik ähmiýete eýe bolan Magtymguly Pyragynyň eserleri, häzirki täze taryhy eýýamymyzda hem ýaşlary hemmetaraplaýyn esasda terbiýelemekde, olary ylyma-bilime höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki Magtymguly,         ylyma-bilime aýratyn sarpa goýan akyldardyr.              Mundan başgada täze kitapda, hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragy bilen döwürdeş beýik türkmen şahsyýetleri, XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, XX asyryň, Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň wekilleriniň, türki we beýleki halklaryň wekilleriniň Magtymguly Pyragynyň eserlerinden täsirlenip, öz eserleri bilen Magtymguly Pyragynyň mekdebini, onuň at-abraýyny belentde tutup ösdürendikleri barada, Ýewropada Magtymguly Pyragynyň goşgy düzüş formasynyň, şygyrda beýan ediş usulynyň Ýewropaly şahyrlary ylhamlandyrmak bilen ýewropa halklarynyň edebiýatyna uly täsirini ýetirendigi barada, şeýle hem Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler barada hem buýsançly gürrüňler edilýär. Täze kitabyň «Pähim-paýhas ummany» atly bölüminde hormatly Prezidentimiz alym Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, onuň pähim-paýhasyny dünýä ýaýmakda, golýazmalarynyň nusgalaryny daşary döwletlerden toplap, dünýä dillerine terjime etmekde döreden giň mümkinçilikleri barada hem giňişleýin durulup geçilýär.              Ussat şahyryň döredijiligine we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby türkmen halkynyň söwer ogly Magtymguly Pyragyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde gymmatly bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň täze «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda diňe bir Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoly barada ýazman eýsem-de, bu kitabyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» bölüminde şanly ýylymyzy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary we Permanlary, Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara forumlaryndaky çykyşlary, gutlaglary ýerleşdirilendir.                Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Beýik şahsyýetlerimiziň ömür-döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde, olary aýawly gorap saklamakda we geljek nesillerimize ýetirmekde, wagyz-nesihat etmekde dünýä nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

11 Dek, 2024
Posted inTÄZELIKLER

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy O.Annadurdyýew alyp bardy. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň iş ýöredijisi Şemşat Öwezmuradowadagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda uly üstünliklere beslenip dowam edýän taryhy eýýamymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň, şanly ýylymyzyň iň bir taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň gadymy oguz edebiýatyny açyp görkezmekde gymmatly çeşmedigini, şeýle bolan soň bu täze kitap kökleri müňýyllyklara uzap gidýän türkmen taryhyny, medeniýetini öwrenijiler üçin hem uly ylmy goldanma boljakdygyny çykyş edenler öz çykyşlarynda bellediler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda täze kitaby Gahryman Arkdagymyzyň ygtybarly ylmy çeşmelere daýanmak arkaly ýazmak bilen, bu kitapda Gahryman Arkadagymyzyň owal ýazan we halk köpçüligine ýetirilen dürli kitaplarynyň, arheologlaryň täze taryhy tapyndylarynyň esasynda toplanan maglumatlaryň, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda täze taryhy garaýyşlaryň has giňişleýin beýan edilendigini, türkmen halkynyň baý taryhynyň aýdyň subutnamasy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada hem öz pikirlerini paýlaşýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilmegi bu kitabyň many we hil taýdan ýokarydygyny görkezýär. Täze kitap Girişden we Taryha syýahat hem-de Ruhy miras atly 2 bapdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda diňe bir taryhymyz däl eýsem-de agzybirligimiz, döwletliligimiz, türkmençiligimiz, ata-ene, zenan mertebesi, adalatlylyk hakynda filosofiki garaýyşlar öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda Änew medeniýeti, Togalakdepe, Ajyguýy, Kellelidepe, Taýypdepe, Goňurdepe ýadygärlikleri barada, şeýle hem gadymy Marguş döwleti, Nusaý, Parfiýa şalyklary barada taryhy maglumatlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem bu ýadygärlikleri öwrenmekde dürli ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçiren daşary ýurtly alymlar we olaryň bitiren işleri barada hem maglumatlar berilýär. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň gadymy «Oguznama» eseri barada hem öz pikir garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle hem bu kitapda tebigat, tebigatyň ynsan aňyna täsiri, älem we onuň ýaradylyşy, her bir işde ussatlylyk, watansöýüjilik, türkmençilik ýaly belent duýgular hakynda pikir garaýyşlar açyp görkezilýär. Kitapda rowaýatlara, tymsallara giň orun berilýär. Kitapda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlaryň ulanylmagy kitabyň çeperçilik taýdan kämil bolmagyny şertlendirýär. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar geçmiş-taryhymyzy öwrenmeklige giň ýol açyp, türkmen halkyna bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň şeýle uly ähmiýetli kitaplarynyň höwriniň köp bolmagyny, jemgyýetimizde jebisligi, halkymyzyň röwşen gelejegi, saglygy we abadançylygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyza hem-de peder ýoluny, beýik başlangyçlar bilen mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

06 Dek, 2024
Posted inBÄSLEŞIKLERDE GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI, TÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASY TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRLIGI BILEN BILELIKDE YGLAN EDEN BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDY

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelelikde yglan eden «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly bäsleşiginde II orna mynasyp boldy. Kärhana hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgat hem-de bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmekde amala aşyrýan tutumly işleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

06 Dek, 2024
Posted inBÄSLEŞIKLERDE GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI, TÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENI TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRLIGI BILEN BILELIKDE YGLAN EDEN BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDY

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektrik sehiniň ýokary woltly hojalygynyň, Awtomatika we elektrostansiýalaryň ölçeýji serişdelerini abatlamak we hyzmat etmek boýunça elektroslesory T.Abdukadyrow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelelikde yglan eden «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly bäsleşiginde III orna mynasyp boldy. Ýeňijä hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgady hem-de bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň hünär ussatlygyny dabaralandyrmakda we olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

26 Noý, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRYŞ OKUWYNY GEÇDI

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener-tehnology (metallurgiýa boýunça) O.Annadurdyýew 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndan 26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny geçip, hünärmene Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakynda degişli şahadatnamasy berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýokary bilimli döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. HOJANEPES ORAZOW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

15 Noý, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENI TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ DÖREDILEN GÜNI MYNASYBETLI HORMAT HATY BILEN SYLAGLANDY

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazanan ösüşlerini, beýik özgertmelerini, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde goşan şahsy goşandy nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgat bilen sylaglandy. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri, şeýle hem ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini has-da artdyrmakda ähmiýetlidir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener-tehnology (metallurgiýa boýunça)

05 Noý, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ZÄHMETDE TAPAWUTLANAN IŞGÄRLERI TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI SYLAGLANDYLAR

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmetde tapawutlanan işgärlerine, şol sanda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň enjamlara hyzmat we remont ediji slesary Babaýew Arslan Baýramgeldiýewiçe, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň gyzgyn bilen sozmak boýunça stanlaryň walsowkaçysy Hanow Muhammetberdi Azatgeldiýewiçe hem-de «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň elektro peçlerde polat eredijisi Baýlyýew Röwşen Nurgeldiýewiçdagylar Hormat hatlary hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Şeýle çäreleriň yzygderli geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ildeşlerimiziň çekýän halal we tutanýerli zähmetlerini dabaralandyrmakda, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

03 Noý, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYGY, SENAGATY WE ENERGETIKASY-2024» ATLY HALKARA SERGISINE GATNAŞDYLAR

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli guralan Garaşsyz ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda gazananlary giňden açyp görkezýän «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy-2024» atly halkara sergisine, «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşyp, bu sergide ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler. Çykyşlarda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat önümçiligi pudagynda we «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda alnyp barylýan işler, ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler halk köpçüligine ýetirildi. Bu halkara sergisine Türkmenistandan başgada Russiýa Federasiýasy, Türkiýe Respublikasy, BAE, Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan, Hindistan, Latwiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan 100-den gowrak kompaniýalaryň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

25 Okt, 2024
Posted inTÄZELIKLER

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBINIŇ TALYPLARYNYŇ GÖÇME OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

         25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň «Dokma we ýeňil senagatynyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek» hünärinde okaýan talyplary özleriniň halypa mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhananyň hünärmenleri tarapyndan kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, öndürilýän önümler barada giňişleýin gürrüňler berildi.          Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan işleriniň aýdyň beýanydyr. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener tehnology (metallurgiýa boýunça)

24 Okt, 2024
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, LUKMANÇYLYK YLYMLARYNYŇ DOKTARY, PROFESSOR GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ XVI JILDINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniňtanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradow alyp bardy.              Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň Lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.              Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygyrýet bossanynyň beýik söz ussady, pelsepe äleminiň şasy türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna atlandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir gününiň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlara beslenip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniň dowam edýän şanly ýylymyzda uly ruhubelentlikde bellenilip geçilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowuşandygyny, bu neşirde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda ösýän 106 sany dermanlyk ösümlikleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary, olardan dürli görnüşli melhemleriň taýýarlanyş usullary barada ylmy esasda öwrenilen maglumatlary giňişleýin beýän edýändigini bellediler.              Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy we başy başlanan beýik özgertmeler hormatly Prezidentimiz Arkadagyly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam edilýär. Munuň aýdyň mysalyna paýtagtymyz Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagyny mysal getirmek bolar diýip çykyş edenler nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary, halkymyzyň saglygyny gormak we halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek boýunça edýän aladalarynyň netijesinde paýtagtymyzda döwrebap Halkara Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we beýleki saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, ýurdumyzda ýokary derejeli lukmanlary taýýarlamak boýunça maksatnama esasynda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki wagtda paýtagtymyzda okatmaga we okamaga ähli mümkinçilikler döredilen iň kämil tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançlyk uniwersitetiniň hereket edýändigini belläp, sebitde we ýurdumyzda ýeke täk «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alyp bina edilen Arkadag şäherinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagynyň saglyk ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi diýip çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.              Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzda Fitoteropiýany ylmy esasda öwrenmekde, Türkmenistanyň ösümlik dünýasiniň melhem otlaryny hemmetaraplaýyn düýpli öwrenmekde ylmy çeşme bolmak bilen, bu ugurdaky bilimleri has-da ösdürmekde netijeli gollanma bolar.              Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerini giňden öwrenmek, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmak, olardan ýokary hilli dermanlyk serişdelerini hem-de melhemleri taýýarlamak boýunça beýik işleri durmuşa geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildinde pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlygyna öwürlen, halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda Gahryman Arkadagymyz türkmen topragynda ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň türkmen halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň bolsa    500-den gowragynyň Türkmenistanyň florasynda endemik ösümlikdigini uly buýsanç bilen belleýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jildinde 106 sany dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlar ýerleşdirilmek bilen, bu kitapda türkmen topragynyň ajaýyp tebigy künjekleri bolan Merkezi Köpetdagda ýerleşýän Degirmendag gerşiniň, Kyrkgyz şaglawugynyň, Altyýap dag bulagynyň, Günorta-Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Toklynyň çeşmesi, Patmaýurt, Parhaý, Aşaky jümeý jülgeleriniň we başgada beýleki tebigy täsin künjekleriň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi kitabyň täsirini has-da artdyrýar.          Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle uly ähmiýetli kitaplarynyň dowamly bolmagyny arzuwlap, jemgyýetimizde jebisligi, halkymyzyň röwşen gelejegi, saglygy we abadançylygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny, beýik başlangyçlar bilen mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

02 Okt, 2024
Posted inTÄZELIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNA SOWGAT BEREN KUWWATLY ÝÜK AWTOULAGLARY GELIP GOWUŞDY

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasyna hormatly Prezidentimiziň sowgat beren Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan kuwwatly ýük awtoulaglarynyň 20 sanysy gelip gowuşdy. Bu ýük awtoulaglary kärhanamyzyň işgärleri tarapyndan tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul edildi. Kärhana sowgat berilen tehnikalar ak saçly enelerimiziň, il sylagly ýaşulylarymyzyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgärleriniň gatnaşmagynda milli däp-dessurlarymyz esasynda kabul edildi. Kärhanamyz üçin şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alynyp berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi täze taryhy eýýamda hemmetaraplaýyn esasda okgunly ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk düýpli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gelejekde kärhanamyzyň                    maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak, kärhananyň agzybir işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran häzirki zaman kuwwatly ýük awtoulaglary önümçilik maksatlary bilen giňden peýdalanylar hem-de işleri döwrümiziň talabyna laýyk derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge, kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. Kärhanamyzyň işgärleriniň şeýle döwrebap, häzirki zaman, ýokary kuwwatly ýük awtoulaglaryny sowgat berip, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ösmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlarynyň we sag bolsunlarynyň çägi ýok. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

28 Sen, 2024
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY GARAŞSYZLYGYNYŇ 33 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli bagyşlanan çäre geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowa alyp bardy. Dabaranyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş energetiginiň w.w.ýe.ýe. P.Ýagşymämmedowdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir güniniň toý-baýramlara beslenip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny, baş baýramymyz bolan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň mahriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilendigini, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň aýdyň beýanyny bolan, halk bilen häkimýetiň arasyndaky berk arabaglanşygy aňladýan, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň şöhlelenmesine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň, 2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, Döwlet münberiniň toplumynda dabaraly harby ýörişiň, «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserdiniň we feýerwergiň, Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň, Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen halky özüniň arzuwlan Garaşsyz döwletini Türkmenistany bütin dünýäde ykrar etmek bilen, özüniň döwlet gurmak babatynda täze tapgyryna çykyp, baky bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň ýolyna düşdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ene dilini, milli däp-dessurlaryny gaýtaryp berdi. Ýurdumyz belent derejelere ýetip, halkymyz bagtyýar we eşretli durmuşyň hözürini görüp, erkana durmuşda ýaşaýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan taryhy beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk eýýamlaryň şan-şöhratydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu mukaddeslige ýokary baha berýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda we at-owazasy dünýä dolan «akylly» Arkadag şäherinde iri möçberli gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bolsa, Garaşsyzlygyň halkymyza beren peşgeşi bolup ykdysady kuwwatymyzyň ýokary derejelere göterilendigini bütin dünýä subut edýär. Ähli başlangyçlary diňe halkyň bähbidine gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitiren hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Uly üstünliklere beslenip dowam edýän täze taryhy eýýamymyzyň şöhratly taryhyna ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde ýokary guramçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy Mejlisine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa bu mejlisiň ýurdymyzyň we halkymyzyň durmuşynda ähmiýetiniň örän ulydygyny görkezýändigini, bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn çykyş etmeginiň hem-de öz çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan beýik üstünlikleri dogrusynda giňişleýin durup geçmeginiň, şonda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip bellemeginiň ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesine göterilýändigini görkezdi diýip çykyş edenler bellediler. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynda geçirilen dabaraly ýörişe işjeň gatnaşan işgärlerini, şeýle hem jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezen ýaşlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

20 Sen, 2024
Posted inTÄZELIKLER

TÜRKMENISTANYŇ MUKADDES GARAŞSYZLYGYNYŇ 33 ÝYLLYK BAÝRAMY, «ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowanyň we Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» atly gepleşik ýazgy edildi.          Gepleşigiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, maslahatlary bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmeginde, has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan gürrüňler beýan edildi. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

19 Sen, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy A.Atabaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini, şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşuklarynyň guralýandygyny aýtdylar. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda raýatlarymyzyň saglygyna, olaryň durmuşyna howp salýan hadysalardan ägä bolmak, seresaplylygy we ünsliligi elden bermezlik hem-de köçe ýol hereketiniň talaplaryny we düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça gürrüňlere hem uly orun berildi. Döwletli tutumlarymyzyň başyny başlaýjy, türkmen ýaşlarynyň ähli babatda nusgalyk göreldesi bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary bilen türkmen ýaşlarynyň döwrebap, kämil şähsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi, Garaşsyz ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatdaky başy başlanan işleriň derwaýys möhüm böleginiň türkmen ýaşlarynyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny belläp «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň kadalaryna bagyşlanan biraýlyga badalga berilmeginiň bu ugurda uly ähmiýetiniň bardygyny wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

06 Sen, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGYŇ BADALGA ALMAGYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň we kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Ýol hereketiniň        howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň badalga almagyna bagyşlanan  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýgül Hojatowa alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Orazow, Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýew, Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradowdagylar çykyş etdiler.   Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Döwlet-adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda adam hakyndaky alada döwlet derejesine göterilip, güneşli Diýarymyzda ähli zat halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýytdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, köçelerde howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler. Ýurdymyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerüsti hem ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň netijesinde döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň we goşmaça ýol şahalarynyň sany barha artýar. Bu bolsa köçelerde ugurlaryň hereketini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işler guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň, sanly tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy hukuk resminamasydyr. Bu kanunçylyk namasy raýatlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Ýeri gelenini aýtsak, bu kanunçylyk namasynyň işlenilip taýýarlanylmagynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara hukuk düşünjeleri bilen milli kanunçylygymyzyň sazlaşygynyň aýdyň şöhlelendirlendigini nygtamak gerek diýip wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler nygtadylar. Şeýle-de çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly çäreler toplumynyň dowamynda, maslahatlaryň geçirilmeginiň, teleradioýaýlymlarda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly gysga metražly filmleriň görkezilmeginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýaynyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, metbugat sahypalarynda makalalaryň yzygiderli çap edilmeginiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny wagyz edýän dürli neşirleriň raýatlarymyza ýaýradylmagynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagy bir aýlygyň çäreleriniň geriminiň örän giňdigini görkezýändigini nygtadylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň bagtyýarlygyny we erkana durmuşynyň sakasynda duran, bagtyýar raýatlarymyz hakynda aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

23 Awg, 2024
Posted inTÄZELIKLER

Ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişi, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri ulanmagyň düzgünleri we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary boýunça wagyz-nesihat duşuşygy

16-njy awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň, Ahal welaýat prokuraturasynyň, Ahal welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda iş meýilnamasyna laýyklykda howanyň temperaturasynyň ýokary galmagy bilen bagly, edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi has-da güýçlendirmek, işgärleriň arasynda ýangyn howpsuzlygy we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary, ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini dogry peýdalanmagyň endiklerini ösdürmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradow alyp bardy.  Möhüm ähmiýete eýe bolan wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz nesihat boýunça uly gözegçisi i/g kapitany G.Silgeldiýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 201-nji ÝHB-niň gözegçisi i/g leýtenanty P.Gydyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň JHB-niň 4-nji bölümçesiniň gözegçisi polisiýanyň maýory B.Kesäýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň wagyz nesihat boýunça gözegçisi polisiýanyň kapitany M.Kakabaýew, Ahal welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory 1-nji derejeli ýurist A.Sähedow, Ahal welaýat häkimliginiň wekili Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty R.Işanmyradow, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny, Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläkde berkemegi, halkara abraýynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, iri senagat kärhanalarynyň yzygiderli gurulup ulanylmaga berilýändigini, eşretli zamanamyzyň ajaýyp binadyr desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy bolsa, biziň her birimize baglydygyny bellemek bilen, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hemişe uly aladalaryň edilýändigini we toplumlaýyn çäreleriň işlenilip taýýarlanylýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bina edilýän desgalaryň iň häzirki zaman tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işine uly üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini yzgiderli döwrebaplaşdyrmaga, bu ulgamda ylymyň we tehnologiki usullarynyň iň soňky gazananlarynyň, dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň bu ugurdaky tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri alyp barmak bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen edara-kärhanalarda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän her bir işgäriň ýangyn howpsuzlygyň kesgitlenen düzgünlerini we gözükdirmelerini anyk bilmekleriniň hem-de ony berk berjaý etmekleriniň, hemişe öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriji enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmekleriniň, edaradyr-kärhanalaryň her bir işgäriniň, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny, ýangyn söndüriji enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygyny ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgüni bozuja haýal etmän duýdurmaga borçludygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler önümçilik senagat kärhanalaryna täze işe kabul edilen işgärleriň, şonuň ýaly-da tejribelik geçmek üçin ýa-da wagtlaýyn işe gelýän işgärler, şol sanda inžener-tehniki işgärler bilen ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirmeleriň kärhananyň ýangyn howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilmeginiň, geçirilýän gözükdirmelerde kärhananyň çäginde, önümçilik senagat kärhanalarynyň önümçiliklerinde ýerine ýetirmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyrylmagynyň, bar bolan serişdeleri, ýangyn barada habar bermek hem-de söndürmek ulgamlary, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň doly düşündirilmeginiň, ýangyn dörän ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketleriň doly tanyşdyrylmagynyň, şol sanda işçileri ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okatmak ýa-da gözükdirme işlerini geçirmeklik üçin ýörite görkezme esbaplaryndan, kino filmlerden, slaýdfilmlerden peýdalanmaklygyň, ilkinji  ýangyn  söndüriji  serişdelerini  peýdalanmagyň  usullaryny  görkezmekligiň düşünjeleri giňeltmäge uly ýardam edýändigini belläp geçdiler.  Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň  1-30-njy sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň golaýlap gelýändigini, bu jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýeti we ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlyga taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň asuda, abadan we howpsuz durmuşyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

28 Maý, 2024
Posted inTÄZELIKLER

«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrlyşy

28-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň     hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beýik üstünliklere beslenýändigini, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýandygyny, ähli ulgamlarda beýik ösüşleriň gazanylýandygyny we belent sepgitlere ýetilýändigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da pugtalanýandygyny, merdana halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bilen, uly üstünliklere beslenip dowam edýän 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Liderine ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmenistanlylara mynasyp sowgat boljakdygyny belländigini uly buýsanç bilen aýytdylar. Magtymguly Pyragy Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biri bolmak bilen ol türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujysydyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Pyragynyň döredijilik we filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolmak bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary dünýä edebiýatynda baky orun aldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde  ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilen bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegini, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde aýratyn orun eýeleýändigini tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren başlangyçlary, çuňňur manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine düýpli täsir edýär. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir.  Magtymguly Pyragynyň pikir-garaýyşlary, taglymaty türki dilli halklaryň nakyllary we atalar sözleri, şahyrlarynyň goşgulary bilen baglanyşýar. Bu barada Azerbaýjandan, Owganystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan,    BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini, ugurdaş hünärmenlerini    hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edenler hem buýsanç bilen belläp geçdiler diýip dabarada çykyş edenler aýytdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bolsa taryhy ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy wakalarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen akyldary hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňden öwrenilýar. Bu täze neşir «Magtymguly» atly kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitabyň sözsoňunda akyldaryň ömürini we döredijiligine öwrenmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bitiren işleri barada giňden beýan edilýär. Kitapda rus diplomatiýasynda işlän polýak ýazyjysy A.Hodzko-Boreýkonyň, belli gündogarşynas, akademik A.N.Samoýlowiçiň, gündogarşynaslar I.N.Bereziniň, A.Wamberiniň, F.Bakuliniň we türkmen alymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy D.Nuralyýewiň, akademik B.A.Garryýewiň, professor M.Kösäýewiň hem-de beýleki alymlaryň atlary we bitiren uly hyzmatlary we olaryň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Bu kitap giň okajylar köpçüligini easanda Magtymguly Pyragy onuň goşgulary ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýanlar, şunuň bilen bagly ylmy işleri alyp barýanlar üçin uly gollanma kitaby bolar. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halky üçin beýik dana, bütin adamzat paýhasyny edebi döredijiligine sygdyryp bilen Magtymguly Pyragyny öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkdagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlary aýytdylar. HOJANEPES ORAZOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňsanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

08 Apr, 2024
Posted inTÄZELIKLER

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

8-nji aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanepes Orazow alyp bardy. Tanyşdyrylyş dabarasyna kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmeni Nöker Seýitmyradowdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan dörän «Änew - müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenilýän, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň, geçmiş taryhymyzy düýpli öwrenmegiň, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmagyň ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýetirilmegi bu ýylyň taryhy wakalarynyň ýene bir gezek bütin dünýä şöhlelenmesi bolmak bilen, ýurdumyzdaky islendik arheologik taryhy ýadygärliginiň, gadymy binagärligiň her bir türkmen nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhynyň bardygyny, milli gymmatlyklarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän merdana halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň we agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň bolsa dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýetine eýedigi barada, şeýle hem «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli dünýä nusgalyk işleriň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly çykyşlar diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Kitapda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pikir-garaýyşlary «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapda beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz täsin rowaýatlary häzirki günlere çenli saklap galan, dürli döwürleriň hem-de halk hakydasynyň şaýady bolan Änew medeniýetiniň ähmiýetini kitabyň sahypalarynda giňişleýin beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär. Ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly babynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýän döwründe Ahal welaýatynyň çägindäki häzirki zaman kärhanalarda senagat önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmagy, şeýlelikde, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmagy, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmegi, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarys» diýip buýsançly bellemegi kabul edilýän maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň has-da artjakdygy biziň ählimizi has-da biz ýaş senagatçylary buýsandyrýar diýip «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmeni Nöker Seýitmyradow belläp geçdi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda çärä ýygnananlar halkymyza şeýle gymmatly kitaplary peşgeş berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. HOJANEPES ORAZOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunçabaş hünärmeni

06 Mar, 2024
Posted inTÄZELIKLER

8 mart halkara zenanlar güni

6-njy martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň ýaraşygy-türkmen gelin-gyzlary» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäräni «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kärhnada zähmet çekýän gelin-gyzlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeri Amangeldi Durdyýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Aýgül Hojatowadagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründehormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güniniň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy ähmiýetli şatlykly wakalara beslenýändigini nygtap, dabara gatnaşyjy zenanlary bahar paslynyň tebigata jan girip ynsan göwnüni galkyndyrýan günlerinde bellenilýän   8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halky öz gelin-gyzlarynyň sarpasyny elmydama belentde saklap, ony ar-namysyna deňäp elmyda zenanlary sarpalan merdana halkdygy, bu ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Dabarada çykyş edenler türkmenlerde ýaş nesli terbiýelemek, ýaşlary halallyk, zähmetsöýerlik, il-halka wepalylyk ýaly belent adamkärçilik terbiýesini bermek, watansöýjüligi has-da artdyrmakda türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Häzriki wagtda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraý mertebesini ýokarlandyrmakda zenanlarymyzyň mynasyp paýy bar. Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak arkaly türkmen zenanlary bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem, dünýäniň beýleki abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alyp, ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim, senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynyň edaralarynda netijeli zähmet çekýärler. Türkmen zenanlary sport ulgamynda hem netijelilik görkezip, dünýä derejeli, ýerli, halkara we olimpiýa oýunlarynda çykyş edip uly üstünlik gazanmak bilen watanymyzyň halkara sport abraýyny pugtalandyryp altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolýarlar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapyp sungat derejesine ýetirilen ajaýyp halylarymyz, keşdelerimiz milli buýsanjymyza, zenanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdülerimiz, monjukatdylarymyz, lälelerimiz bolsa türkmen halkynyň halk döredijiliginiň altyn gaznasyna öwrülendigini nugtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zenanlaryň hukuklary we azatlyklary has kämil hukuknamalary bilen berkidilýär we bu ulgamy has-da döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen dünýäniň iň abraýly guramalary şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri bilen ysnyşykly işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Hut şu maksatdan ugur alyp paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleri, «Ene Mähri» merkezleri iň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp gurulup ulanylmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp çagaly maşgalalary goldamak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek boýunça beýik başlangyjy öňe sürmek bilen, sekiz we ondan hem köp çagany kemala getiren  hem-de olary terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Zenan Kalby» ordeni bilen sylaglamak, şeýle hem olara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek, durmuş ýeňilliklerini döretmek ýaly asylly başlangyçlar häzirki wagtda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly däp boldy. Bu bolsa, zenan mertebesini ähli zatlardan belentde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakynda edýän beýik aladalarynyň we ünsiniň mundan beýläkde has-da berkejekdigini görkezýän aýdyň hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanly zenanlara 60 manat möçberinde pul sowgatlarynyň berilmegi bolsa zenanlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr. Çeper söz sungatyna çäksiz sarpa goýýan hormatly Arkadagymyzyň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» diýen kitabynyň halkymyzyň goluna gowuşmagy zenanlarymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Çeper sözüň maňzyndan many alan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby baky mukaddesligiň gönezligi hasaplanýan ene barada ýazylan kämil eserdir. Kitapda manyly durmuşyň ýüregi, mukaddes ojagyň diregi, maşgalanyň baş sütüni bolan ene hakyndaky göwün ýöretmeler Gahryman Arkadagymyzyň ýürek ýodalaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Onda mukaddesligiň hem mähribanlygyň belent baýdagy hasaplanýan enäniň deňi-taýy bolmajak güýçdügi nygtalýar. Balalary üçin älem gowulyklaryny dilän ejesi barada Gahryman Arkadagymyz çagalyk ýatlamalary bu kitaby okan her bir ynsany pikir ummanyna gark edýär. Dabaranyň dowamynda kärhananyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar zenan mertebesini sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. HOJANEPES ORAZOW «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hün